Dün­ýäde fut­bo­l ýaryşlary­nyň iň uly gu­ra­ma­çy­sy FI­FA 1991-nji ýyl­dan bä­ri ýy­lyň iň go­wy oýun­çy­sy­na baý­rak gow­şur­ýar. Bu ab­raý­ly sy­lag 2009-njy ýy­la çen­li FI­FA dün­ýä­de ýy­lyň oýun­çy­sy (FI­FA World Player of the Year) ady bi­len be­ril­di. 2010–2016-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da-da “France Fo­ot­ball” žur­na­ly­nyň “Bal­lon d’Or” baý­ra­gy bi­len bi­le­le­şip, “FI­FA Bal­lon d’Or” ady bi­len gow­şu­ryl­dy. Soň­ky ýyl­lar­da dü­şü­niş­mez­lik­ler­den soň, 2016-njy ýyl­da ýe­ne-de öň­kü­si ýa­ly baý­rak 2-ä bö­lün­di. “The Best FI­FA” (FI­FA-nyň iň go­wu­la­ry) ady bi­len ber­lip baş­la­n baý­rak­la­ryň il­kin­ji 2-si­ni Kris­tia­no Ro­nal­do al­dy. Go­laý­da FI­FA şu ýy­lyň iň go­wu­la­ry­nyň da­laş­gär­le­ri­niň fi­nal sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Iň esa­sy­sy, äh­li fut­bol muş­da­gy­ny gy­zyk­lan­dyr­ýan iň go­wy er­kek fut­bol­çy baý­ra­gy­na “Re­al Mad­ri­diň” 2 ýyl­dy­zy — por­tu­ga­li­ýa­ly Kris­tia­no Ro­nal­do bi­len hor­wa­ti­ýa­ly Lu­ka Mod­riç hem-de “Li­wer­pu­lyň” mü­sür­li hü­jüm­çi­si Mo­ha­med Sa­lah da­laş­gär gör­ke­zil­di. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, “Bar­se­lo­na­nyň” su­per ýyl­dy­zy, ar­gen­ti­na­ly Lio­nel Mes­si sa­na­wa alyn­ma­dy. Şeý­le­lik­de, Lionel Messi 13 ýyl­dan soň, ýag­ny 2007-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek sa­na­wyň da­şyn­da gal­dy.
Er­kek­le­riň fut­bo­lyn­da iň go­wy tä­lim­çi baý­ra­gy Hor­wa­ti­ýa­nyň ýer­li tä­lim­çi­si Zlat­ko Da­liç, fran­si­ýa­ly tä­lim­çi­ler Di­die De­şam (Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy) hem-de Zi­ne­din Zi­dan (“Re­al Mad­ri­diň” ozal­ky tä­lim­çi­si) da­gy­nyň haý­sy hem bol­sa bi­ri­ne ber­ler. Bel­gi­ýa­ly Ti­bo Kur­tua, fran­si­ýa­ly Hu­go Llo­ris hem-de Kas­per Şmeý­hel iň go­wy der­we­ze­çi baý­ra­gy­nyň da­laş­gär­le­ri diý­lip saý­lan­dy.
Ze­nan fut­bo­lyn­da-da iň go­wy oýun­çy bol­mak üçin “Li­on” klu­bu­nyň ýyl­dyz­la­ry — nor­we­gi­ýa­ly Ada He­ger­berg bi­len ger­ma­ni­ýa­ly Dže­ni­fer Ma­ro­žan hem-de bra­zi­li­ýa­ly meş­hur fut­bol­çy Mar­ta (“Or­lan­do Praýd”) da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. Tä­lim­çi­ler­de­nem “Lio­nyň” tä­lim­çi­si Reý­nald Ped­ros, Ýa­po­ni­ýa­nyň zenan mil­li ýy­gyn­dy­sy­na tä­lim ber­ýän Asa­ko Ta­ka­ku­ra, Gol­lan­di­ýa­nyň gyzlar ýy­gyn­dy­syn­dan Sa­ri­na Wig­man üçü­si fi­na­l sa­na­wy­na ady­ny ýaz­dyr­­dy.
Ýy­lyň iň owa­dan go­lu­na be­ril­ýän Puş­kaş baý­ra­gy üçi­nem 10 sa­ny gol saý­lan­dy. Ola­ryň ara­syn­da Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň çäklerinde Ro­nal­do­nyň “Ýu­wen­tu­sa”, Beý­liň fi­na­l­da “Li­wer­pu­la” sa­lan gol­la­ry bar. Şol san­da Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da­nam 4 gol — rus­si­ýa­ly De­nis Çe­ry­şe­wiň (Rus­si­ýa-Hor­wa­ti­ýa), Lio­nel Mes­si­niň (Ni­ge­ri­ýa–Ar­gen­ti­na), fran­si­ýa­ly Ben­ža­min Pa­wa­ryň (Fran­si­ýa-Ar­gen­ti­na) hem-de por­tu­ga­li­ýa­ly Ri­kar­do Kua­rež­ma­nyň (Eý­ran-Por­tu­ga­li­ýa) gol­la­ry-da saý­la­nyp alyn­dy. Mah­la­sy 10 go­luň ara­syn­dan iň owa­da­ny jan­kö­ýer­le­riň ses ber­me­gi esa­syn­da saý­la­nar.
Ýe­ňi­ji­ler 24-nji sent­ýabr­da Ang­li­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don­da­ky “Royal Fes­tival” za­lyn­da ge­çi­ril­jek da­ba­ra­da mä­lim edi­ler.