Formula1 boýunça möwsümiň 14-nji bäsleşigi Italiýanyň meşhur “Monza” trassasynda (Monza şäheri) geçirildi. 5793 kilometrlik trassada guralan 53 aýlawlyk ýaryşa ýerli topar hasaplanýan “Ferrariniň” fin piloty Kimi Raikkonen ilkinji hatardan başlady. Adaty ýagdaýda geçen ýaryşyň netijesinde, 1 sagat 16 minut 54,484 sekuntda pellehanadan geçen “Mercedes” toparynyň britan piloty Lewis Hamilton ýeňiş gazandy. Bu onuň şu möwsümdäki 6-njy, karýerasyndaky 68-nji ýeňşidir. Şeýle-de Hamilton Italiýa “Gran Prisinde” 5-nji gezek ýeňiş gazanyp, bu ugurda rowaýaty Mihael Şumaher bilen deňleşdi. Hamiltondan 8,7 sekunt yza galan “Ferrariden” Kimi Raikkonen 2-nji, ýeňijiniň topardaşy, F1-iň başga finl sürüjisi Waltteri Bottas 3-nji orny eýeledi. Mundan öňki Belgiýa “Gran Prisinde” ýeňiş gazanyp, utuk aratapawudyny azaldan germaniýaly Sebastian Wettel 4-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy.
Italiýa “Gran Prisinden” soň, möwsümiň tamamlanmagyna 7 tapgyr galanda, Hamilton bilen Wetteliň arasyndaky çempionlyk göreşi ýiti depginde dowam edýär. Häzirlikçe Wettelden 1 ýeňiş artyk gazanan Hamilton 256 utuk bilen 1-nji orunda barýar. Ondan 30 utugy kem Wettel 2-nji ýeri eýeleýär. Finlýandiýaly sürüjiler — Kimi Raikkonen bilen Waltteri Bottas 3–4-nji orunlary paýlaşyp, olaryň degişlilikde, 164 hem-de 159 utugy bar.
Italiýa “Gran Prisi” Günbatar Ýewropada geçirilen soňky ýaryş bolup, möwsümiň galan 7 bäsleşigi Aziýa we Amerika taraplarda geçiriler. F1-iň 69-njy möwsüminiň 15-nji ýaryşy 16-njy sentýabrda Singapuryň adybir paýtagtynyň “Marina Bay” trassasynda guralar.