In­do­ne­zi­ýa­nyň paýt­ag­ty Ja­kar­ta­da hem-de Pa­lem­bang şä­he­rin­de ge­çi­ri­len XVIII Azi­ýa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy. Azia­da­nyň soň­ky gün­le­rin­de esa­san hem spor­tuň to­par­la­ýyn gör­nüş­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri bel­li bol­dy.
Fut­bol ýa­ryş­la­ryn­da er­kek­le­riň ara­syn­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy fi­nal­da Ýa­po­ni­ýa­dan goş­ma­ça wagt­da 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp (Li Se­un-wu 93, Hwan Hi-çan 101 — Ueda 115), yz­ly-yzy­na 2-nji, umu­my­lyk­da-da 5-nji ge­zek Azia­da­nyň çem­pio­ny bol­dy. Bü­rünç me­da­ly Wýet­na­my esa­sy wag­ty 1–1 gu­ta­ran oýun­da pe­nal­ti­ler­den soň 4–3 ýe­ňen BAE ga­zan­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da-da Ýa­po­ni­ýa Gü­nor­ta Ko­re­ýa­ny Ýui­ka Su­ga­sa­wa­nyň 90-njy mi­nut­da ge­çi­ren go­ly bi­len 1–0 ýeň­di. Bu ola­ryň 2010-njy ýyl­dan soň, Azi­ýa oýun­la­ryn­da­ky 2-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr.
Beýs­bol­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa ýe­ňiş ga­za­nyp, olar fi­nal­da Ýa­po­ni­ýa­ny 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di­ler. Azia­da­da beýs­bol ýa­ryş­la­ry 7-nji ge­zek ge­çi­ri­lip, Gü­nor­ta Ko­re­ýa 5-nji sa­par ýe­ňiş ga­zan­dy.
Bas­ket­bol ýa­ryş­la­ryn­da-da er­kek­dir ze­nan­la­ryň ara­syn­da Hy­ta­ýyň ýy­gyn­dy­sy al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Er­kek­ler fi­nal­da Eý­ra­nyň mil­li to­pa­ryn­dan 84–72, ze­nan­lar bol­sa, Ko­re­ýa­nyň (De­mir­ga­zyk we Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň bi­le­lik­dä­ki to­pa­ry) ýy­gyn­dy­syn­dan 71–65 üs­tün çyk­dy. Hy­taýyň basketbolçylary er­kek­le­riň ara­syn­da 8-nji, ze­nan­la­ryň ara­syn­da-da 6-njy ge­zek çem­pi­on bol­dy.
Su­wa bök­mek bäs­le­şik­le­rin­de bu ug­ruň tu­tuş dün­ýäde ägir­di ha­sap­lan­ýan hy­taý­ly­lar gow­şu­ry­lan 10 al­tyn me­da­lyň hem­me­si­ni-de al­ma­gy ba­şar­dy. Olar umu­my­lyk­da paý­la­nan 30 me­da­lyň 16-sy­ny ga­za­nyp, ta­ry­hy ba­şar­nyk gör­kez­di­ler.
Ot hok­ke­ýi ýa­ryş­la­ryn­da al­tyn me­dal­la­ryň iki­si­ni-de ýa­pon­lar bo­ýun­la­ry­na dak­dy­lar. Er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal­da Ma­laý­zi­ýa­ny (6–6, 3–1 p), ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky fi­nal­da-da Hin­dis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny (2–1) ýe­ňen ýa­pon­la­ryň 2 to­pa­ry-da Azi­ýa oýun­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek çem­pi­on ady­ny eýe­le­di.
Gand­bol­da er­kek­le­riň ara­syn­da Ka­ta­ryň ýy­gyn­dy­sy fi­nal­da Bah­reý­ni goş­ma­ça wagt­da 32–27 utup, bas­syr 2-nji ge­zek Azia­da­nyň al­tyn me­da­ly­ny ga­zan­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da-da 1990-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýän bu ýa­ryş­lar­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa yz­ly-yzy­na 2-nji, umu­my­lyk­da-da 7-nji ge­zek çem­pi­on bol­dy. Olar di­ňe 2010-njy ýyl­da çem­pi­on bo­lup bil­män­di­ler.
Reg­bi – 7 ýa­ryş­la­ryn­da er­kek­le­riň ara­syn­da Gon­kong fi­nal­da Ýa­po­ni­ýa­ny, ze­nan­la­ryň ara­syn­da-da Ýa­po­ni­ýa Hy­ta­ýy ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Gü­nor­ta ko­re­ýa­ly og­lan­lar hem-de ga­za­gys­tan­ly gyz­la­ram bü­rünç me­dal ga­zan­dy.
Wo­leý­bol­da er­kek­le­riň ara­syn­da Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy Gü­nor­ta Ko­re­ýa­dan 3–0, ze­nan­lar­da-da Hy­taýyň woleýbolçylary Tai­lan­dy şol ha­sap bi­len ýeň­di. Ke­nar­ýa­ka wo­leý­bo­lyn­da-da er­kek­le­riň ara­syn­da ka­tar­ly­lar, ze­nan­la­ryň ara­syn­da-da hy­taý­ly­lar öňe saý­lan­dy.
Wo­ter­pol­da er­kek­le­riň ara­syn­da Ga­za­gys­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy ýe­ne bir ýo­la al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ga­zak­lar fi­nal­da ýa­pon­lar­dan 8–7 üs­tün çy­kyp, 6-njy ge­zek Azia­da­nyň çem­pio­ny di­ýen ady eýe­le­di. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da hy­taý­ly­lar yz­ly-yzy­na 3-nji al­tyn me­dal­la­ry­ny ga­zan­dy­lar.
Çe­ýe­li­gi ta­lap ed­ýän triat­lon ýa­ryş­la­ryn­da 3 al­tyn me­da­ly-da ýa­po­ni­ýa­ly­lar al­ma­gy ba­şar­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da Jum­pei Fu­ru­ýa, ze­nan­lar­dan Ýu­ka Ta­ka­ha­şi hem-de ga­ry­şyk to­par­la­ýyn­da-da ýa­pon­lar mün­be­riň çür de­pe­si­ne çyk­dy.
Tai­land­ly­la­ryň mil­li spor­ty bo­lan se­pak tak­raw­da paý­la­nan 6 al­tyn me­da­lyň 4-si­ni şo­lar al­dy. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da to­par­la­ýyn re­gu we ku­ad­rant, er­kek­le­riň ara­syn­da-da to­par­la­ýyn re­gu, to­par­la­ýyn jü­büt­ler bäs­le­şik­le­rin­de tai­land­ly­lar 1-nji or­ny eýe­le­di. Er­kek­le­riň ara­syn­da re­gu­da Ma­laý­zi­ýa, ku­ad­rant­da bol­sa, In­do­ne­zi­ýa al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy.

8 MEDAL GAZANAN IKEE
OÝUNLARYŇ TAPAWUTLANAN TÜRGENI
Il­kin­ji ge­zek 1998-nji ýyl­da­ky Azia­da­da ýo­la goý­lan oýun­la­ryň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy diý­lip, Ja­kar­ta-Pa­lem­bang 2018-de ýa­po­ni­ýa­ly ýü­zü­ji gyz Ri­ka­ko Ikee saý­lan­dy. 18 ýaş­ly gyz bu oýun­lar­da 6 al­tyn, 2 kü­müş – je­mi 8 me­dal ga­zan­dy. Bu baý­ra­gy alan il­kin­ji ze­nan tür­gen bo­lan Ikee al­tyn me­dal­la­ry­nyň 2-si­ni to­par bi­len al­dy. Galyberse-de, Ikee al­tyn me­dal­la­ry­nyň 6-sy­ny oýun­la­ryň re­kor­dy bi­len ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.
Me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da bu ge­ze­gem hy­taý­ly tür­gen­ler 1-nji or­ny eýe­le­di­ler. Bu ugurda 1982-nji ýyl­dan bä­ri her Azia­da­da bi­rin­ji­li­gi ga­zan­yp gelýän Hy­taý bas­syr 10-njy sa­par şeý­le ba­şar­nyk gör­kez­di. Hy­taý­ly tür­gen­ler bu Azia­da­da 132 al­tyn, 92 kü­müş, 65 bü­rünç — je­mi 289 me­da­la eýe­lik et­di­ler. 2-nji ýe­ri 75 al­tyn, 56 kü­müş, 74 bü­rünç — je­mi 205 me­dal alan ýa­pon­lar eýe­le­di. 3-nji or­na-da 49 al­tyn, 58 kü­müş, 70 bü­rünç — je­mi 177 me­dal alan Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň tür­gen­le­ri my­na­syp bol­dy. Ýer eýe­le­ri In­do­ne­zi­ýa­nyň azia­da­çy­la­ry-da öz­le­rin­de ge­çi­ri­len oýun­la­ry 31 al­tyn, 24 kü­müş, 43 bü­rünç — je­mi 98 me­dal bi­len ta­mam­la­dy­lar. 29 ýurt azyn­dan 1 al­tyn, umu­my­lyk­da-da gat­na­şan 45 döw­le­tiň (46-njy­sy iki Ko­re­ýa­nyň bir­le­şen to­pa­ry) 37-si me­dal ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 9 ýurt bol­sa, XVIII Azia­da­ny me­dal­syz ta­mam­la­dy.
Azi­ýa oýun­la­ry­nyň no­bat­da­ky­sy 2022-nji ýy­lyň 10–25-nji sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da Hy­ta­ýyň Hanç­žou şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.