Futbol boýunça Türkmenistanyň milli çempionatynda 17-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda “Altyn asyr” myhmançylykda “Şagadamdan” 3–0 hasabynda üstün çykdy. Myhmanlaryň doly artykmaçlygynda geçen oýnuň eýýäm 10 minudy dolmanka aragatnaşykçylar 2 gol geçirdi. Şol gollary 4-nji minutda Wahyt Orazsähedow hem-de 7-nji minutda Selim Nurmyradow derwezä girizdi. Oýnuň 49-njy minutynda-da Altymyrat Annadurdyýew hasaby 3-e çykaran oýunçy boldy. Bu ýeňişden soň, 1 oýny kem “Altyn asyr” sanawyň öňdebaryjysy “Ahal” bilen utuk aratapawudyny 2-ä düşürdi.
1-nji oýun myhmançylykda
“Altyn asyr” topary öňümizdäki hepdäniň çarşenbe güni, has takygy, 19-njy sentýabrda AFK Kubogynyň ýarym finalynyň 1-nji duşuşygyny geçirer. Bu duşuşyk Demirgazyk Koreýanyň “Aprel 25” topary bilen bolup, oýun myhmançylykda ýurduň paýtagty Phenýandaky Kim Ir Senanyň adyny göterýän 50 müň orunlyk stadionda oýnalar. “Altyn asyr” toparyna bu duşuşykda ýeňiş gazanmaklaryny arzuw edýäris. Bu duşuşygyň jogap oýny 3-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçiriler.