Fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­niň iň söý­gü­li bäs­le­şi­gi bo­lan UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň tä­ze 27-nji, umu­my­lyk­da bu ýa­ry­şyň 64-nji möw­sü­mi­ne gel­jek hep­de­niň si­şen­be gü­ni ba­dal­ga ber­ler. 32 klu­buň to­par­ça­lar­da çy­kyş et­jek ýa­ry­şyn­da bu ýyl her oýun gü­ni 2 du­şu­şyk ir wagt­da baş­la­nar. Öň­ki ýyl­lar­da­ky­dan ütý­ge­şik­lik­de şu möw­süm­den baş­lap, mun­dan soň, Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy 4 li­ga­sy­nyň her­sin­den 4 klub hiç hi­li saý­la­ma tap­gy­ry­na gat­naş­maz­dan to­par­ça­lar­da çy­kyş eder. Bu ýag­daý kä­bir to­par­ça­la­ra 2–3 güçý­li klu­buň düş­me­gi­ne se­bäp bo­lup, ne­ti­je­de, jan­kö­ýer­ler tä­ze möw­süm­de to­par­ça­lar­da-da bir-bi­rin­den gy­zyk­ly du­şu­şyk­la­ra to­ma­şa edip bi­ler­ler.
UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň (1992/1993 möw­sü­min­den bä­ri) şu ýa­ry­şy-da ha­sa­ba ala­nyň­da, 27 möw­sü­miň äh­li­sin­de çy­kyş eden klub ýok. Ýö­ne iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­ler soň­ky 3 ýy­lyň çem­pio­ny “Re­al Mad­ri­de”, şeý­le-de onuň eze­li bäs­de­şi “Bar­se­lo­na” hem-de Por­tu­ga­li­ýa­nyň “Por­to” to­par­la­ry­na de­giş­li­dir. 27 möw­sü­miň di­ňe 4-sin­de ola­ryň at­la­ry­na duş gel­ne­nok. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, bu 3 klub 23-nji ge­zek UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň to­par­ça­la­ryn­da çy­kyş eder­ler. “Ba­wa­ri­ýa­dyr” “Man­çes­ter Ýu­naý­ted­de” bu gör­ke­zi­ji 22-ä deň­dir. “Ýu­wen­tus” 19, PSW 16, “Li­on” bi­len “Ga­la­ta­sa­raý” 15, “Aýaks” bi­len “Ben­fi­ka” 14, “Şaht­ýor” bi­len “Bo­rus­si­ýa” (Dort­mund) 13-nji ge­zek öz­le­ri­ni sy­nar­lar. “Re­al Mad­rid” to­pa­ry bas­syr 22-nji ge­zek gat­na­şyp, bu ugur­da-da re­kor­dyň eýe­si­dir.
* Yz­ly-yzy­na 19 ge­zek gat­na­şan “Ar­se­nal” (bas­syr 2 möw­süm), 17 sa­par we­kil­çi­lik eden we 7 ku­bo­gyň eýe­si “Mi­lan” (5 ýyl­dan bä­ri), şeý­le-de “Çel­si” (15 ge­zek gat­naş­dy), “Olim­pia­kos” (18 sa­par çy­kyş et­di) ýa­ly ozal köp çy­kyş eden klub­lar bu möw­süm ýa­ry­şyň da­şyn­da gal­dy. 16 ge­zek to­par­ça­lar­da oý­nan “Di­na­mo Ki­ýew” hem eý­ýäm 2 möw­süm­den bä­ri saý­la­ma tap­gy­ry­ny ge­çip bi­le­nok.
* Gat­naş­ýan 32 klu­buň ara­syn­da 11 klu­ba ku­bo­gy ga­zan­mak ba­şart­dy. Şo­la­ryň 10-sy UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy ady bi­len ge­çi­ri­lip baş­la­ny bä­ri ýe­ňi­ji bol­dy. Ola­ryň kä­bir­le­ri­niň öň­ki ýyl­lar­da­nam çem­pi­on­ly­gy bar.
* 27 möw­süm­de UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ry­na gat­na­şan klub­la­ryň sa­ny 140-a deň­dir. Olar UEFA-nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky 55 fe­de­ra­si­ýa­nyň 33-si­ne de­giş­li bo­lup, 22 ýur­duň klub­la­ry­na hä­zir­ki wagt­a çen­li fi­nal tap­gy­ry­na ýol­lan­ma ga­zan­mak ba­şart­ma­dy.

“LA LI­GA” BI­LEN
“BUN­DES­LI­GA”
ÖŇ­DE­LI­GI EÝE­LE­ÝÄR
De­giş­li dö­wür­de iň köp klu­by çy­kyş eden çem­pio­nat Is­pa­ni­ýa­nyň “La Li­ga­sy” bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bun­des­li­ga­sy­dyr”. Iki çem­pio­nat­da­nam 13 klub bu ýa­ry­şa gat­naş­dy. Fran­si­ýa bi­len Ang­li­ýa­dan 10, Ita­li­ýa­dan 9, Gol­lan­di­ýa­dan 7 klub Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na we­kil­çi­lik et­di. Rus­si­ýa­dyr Bel­gi­ýa­dan 6, Tür­ki­ýe­den, Por­tu­ga­li­ýa­dan hem-de Şweý­sa­ri­ýa­dan 5 klub gat­naş­dy. 5 möw­sü­m­den bä­ri klub ug­ra­dyp bil­me­ýän Ru­my­ni­ýa bi­len Awst­ri­ýa­dan, şeý­le-de Şwe­si­ýa­dan, Da­ni­ýa­dan 4 topar, Ys­ra­ýyl, Gre­si­ýa, Slo­wa­ki­ýa, Çe­hi­ýa to­par­la­ry­nyň 3-si ýa­ry­şyň we­ki­li bol­dy. 2 klu­by gat­na­şan ýurt­lar hök­mün­de Hor­wa­ti­ýa­ny, Kip­ri, Nor­we­gi­ýa­ny, Weng­ri­ýa­ny, Pol­şa­ny, Şot­lan­di­ýa­ny, Uk­rai­na­ny, Bol­ga­ri­ýa­ny bu sa­na­wa şu ýyl go­şu­lan Ser­bi­ýa­ny gör­kez­mek bo­lar. Be­la­rus­dan, Finl­ýan­di­ýa­dan, Slo­we­ni­ýa­dan, Ga­za­gys­tan we Azer­baý­jan­da­nam 1 klub iň ar­zy­ly li­ga­da çy­kyş et­di­.
* Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na Finl­ýan­di­ýa­dan 20, Nor­we­gi­ýa­dan 11, Weng­ri­ýa­dan 9, Slo­wa­ki­ýa­dan 6, Awst­ri­ýa­dyr Ru­my­ni­ýa­dan bol­sa, 5 ýyl­dan bä­ri klub gat­na­şa­nok.
* Bu ýyl­ky 32 klub 15 döw­le­te we­kil­çi­lik edip, ol soň­ky 3–4 ýyl­da­ky gör­ke­zi­ji­den 2–3 san aza­lyp­dyr.
* UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da şu möw­süm­de 3 klub “Srwe­na Zwez­da”, “Ýang Boýz” hem-de “Hof­fen­haým” il­kin­ji ge­zek çy­kyş eder. “Srwe­na Zwez­da” bi­len “Ýang Boýz” bäs­le­şi­giň ozal­ky gör­nüş­le­rin­de çy­kyş edip, olar Çem­pi­on­lar li­ga­sy ady bi­len ge­çi­ri­lip baş­la­ny bä­ri il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýar. Hat­da “Srwe­na Zwez­da” 1991-nji ýyl­da çem­pi­on­lyk hem ga­za­nyp­dy.
* Gre­si­ýa­nyň çem­pio­ny AEK to­pa­ry 11 ýyl­dan soň, 5-nji ge­zek Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň to­par­ça­syn­da çy­kyş eder.

Il­kin­ji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry:

18-nji sent­ýabr (si­şen­be): 21:55 — “Bar­se­lo­na”–PSW, “In­ter”–“Tot­ten­ham” (“B” to­par­ça), 00:00 — “K. Brýug­ge”–“B. Dort­mund”, “Mo­na­ko”–“At­le­ti­ko” (“A”), “Li­wer­pul”–PSŽ, “S. Zwez­da”–“Na­po­li” (“C”), “Ga­la­ta­sa­raý”–“Lo­ko­mo­tiw”, “Şal­ke”–“Por­to” (“D”).
19-njy sent­ýabr (çar­şen­be): 21:55 — “Aýaks”–AEK (“E”), “Şaht­ýor D.”–“Hof­fen­haým” (“F”), 00:00 — “Ben­fi­ka”–“Ba­wa­ri­ýa” (“E”), “Man. Si­ti”–“Li­on” (“F”), “Re­al Mad­rid” – “Ro­ma”, “Wik­to­ri­ýa Pl.”–SSKA M. (“G”), “Ýang Boýz”–“M. Ýu­naý­ted”, “Wa­len­si­ýa” – “Ýu­wen­tus” (“H”).