“Ame­ri­ka Açyk­da” er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal­da-da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç bi­len ar­gen­ti­na­ly Hu­an Mar­tin Del Pot­ro du­şuş­dy. 3 sa­gat 16 mi­nut­lap do­wam eden fi­nal­da 31 ýaş­ly Jo­ko­wiç 6:3, 7:6 we 6:3 ha­sap­lar bi­len ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu onuň “Ame­ri­ka Açyk­da­ky” 3-nji (2011, 2015, 2018), umu­my­lyk­da-da 14-nji “Uly tu­wul­ga­sy­dyr” (“Awst­ra­li­ýa Açyk” – 2008, 2011, 2012, 2013, 2015, 2016; “Fran­si­ýa Açyk” – 2016; “Wimb­le­don” – 2011, 2014, 2015, 2018). Şun­luk­da, Jo­ko­wiç bu ugur­da Pit Samp­ras bi­len deň­le­şip, 3-nji or­ny paý­laş­ýar. On­dan öň­de Ro­jer Fe­de­rer (20) bi­len Ra­fa­el Na­dal (17) bar. Ga­ly­ber­se-de, Jo­ko­wiç kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 71-nji ATP ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. Soň­ky 2 ýy­lyň do­wa­myn­da bä­ri şi­ke­si se­bäp­li çem­pi­on­lyk­lar­dan, hat­da ýa­ryş­lar­dan hem daş­da ga­lan we kem-kem­den özü­ni dür­se­ýän No­wak Jo­ko­wiç şu ýyl möw­sü­miň 2-nji “Uly tu­wul­ga­sy” “Wimb­le­don­da” hem çem­pi­on bo­lup­dy. Jo­ko­wiç 5 ge­ze­gem (2007, 2010, 2012, 2013, 2016) “Ame­ri­ka Açy­gyň” fi­na­lyn­da utu­lyp­dy.
Jo­ko­wiç ýa­rym fi­nal­da ýa­po­ni­ýa­ly Kei Ni­şi­ko­ri­ni ýe­ňip­di (6:3, 6:4, 6:2). 29 ýaş­ly Del Pot­ro bol­sa Ra­fa­el Na­da­lyň şi­ke­si se­bäp­li oý­ny taş­la­ma­gyn­dan soň, fi­nal­çy bo­lup­dy. Oý­na­lan 1–2-nji set­ler­de Del Pot­ro 7:6 we 6:2 ha­sap­lar bi­len öňe saý­la­nyp­dy.
* * *
Umu­my pul gaz­na­sy 53 mil­li­on dol­lar bo­lan “Ame­ri­ka Açy­gyň” jü­büt­le­ýin ýa­ryş­la­ryn­da ame­ri­ka­ly ten­nis­çi­ler öňe saý­lan­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da Maýk Bra­ýan bi­len Jek Sok, ze­nan­la­ryň ara­syn­da ame­ri­ka­ly Ko­ko Wan­de­we­ge bi­len awst­ra­li­ýa­ly Eş­lei Bar­ti iki­si hem-de ga­ry­şyk jü­büt­ler­de ame­ri­ka­ly Be­ta­ni Mat­tek-Sands bi­len bri­ta­ni­ýa­ly Jeý­mi Mýur­reý çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy­lar.