Mo­to GP bo­ýun­ça Dün­ýä bi­rin­ji­li­gi­niň şu möw­süm­dä­ki 13-nji ýa­ry­şy San Ma­ri­no­da ge­çi­ril­di. Hal­ka­ra Mi­sa­no Mar­ko Si­mon­çel­li tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len 27 aý­law­lyk bäs­le­şik­de “Ducati” to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si And­rea Do­wi­zio­so ýe­ňi­ji bol­dy. Ol pel­le­ha­nadan 42 mi­nut 05,426 se­kunt­da ge­çip, şu möw­süm­de 3-nji ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. 32 ýaş­ly sürüji kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 11-nji ge­zek hem­me­den öňür­ti pel­le­ha­na­dan geç­di. Ýa­ryş­da 2-nji ýe­ri “Rep­sol Hon­da” to­pa­ryn­dan is­pa­ni­ýa­ly Mark Mar­kes, 3-nji or­ny-da “Hon­da Cast­rol” to­pa­ry­nyň iň­lis sü­rü­ji­si Kal Krut­low eýe­le­di.
San Ma­ri­no “Gran Pri­sin­den” soň Mark Mar­kes utu­gy­ny 221-e ýe­ti­rip, sa­naw­da 1-nji ha­tar­da bar­ýar. 2–3-nji orun­lar­da ita­li­ýa­ly sü­rü­ji­ler – And­rea Do­wi­zio­so bi­len Wa­len­ti­na Ros­si bo­lup, ola­ryň de­giş­li­lik­de, 154 we 151 utu­gy bar. Möw­sü­miň 14-nji ýa­ry­şy 23-nji sent­ýabr­da Is­pa­ni­ýa­da (Ara­gon) ge­çi­ri­ler.