Azi­ýa yk­ly­my­nyň iň uly fut­bol bäs­le­şi­gi bo­lan AFK Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň no­bat­da­ky­sy 2019-njy ýy­lyň 5-nji ýan­wa­ry — 1-nji few­ra­ly ara­ly­gyn­da BAE-de ge­çi­ri­ler. 17-nji ge­zek gu­ral­jak bu ýa­ry­şa Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol ýy­gyn­dy­sy hem gat­na­şar. 3 tap­gyr­ly saý­la­ma oýun­la­ry­ny üs­tün­lik­li ta­mam­lan il­deş­le­ri­miz 2-nji ge­zek yk­ly­myň ku­bo­gy ýa­ry­şy­na we­kil­çi­lik eder. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy Ýa­po­ni­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň hem-de Oma­nyň mil­li to­par­la­ry bi­len “F” to­par­ça dü­şüp­di. Bi­zem şol my­na­sy­bet­li ga­ze­ti­miz­de yzy­gi­der­li­lik­de mun­dan öň­ki Azi­ýa Ku­bo­gy ýa­ryş­la­ry ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat ber­me­gi ma­kul bil­dik.

Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­dan öň dö­re­dil­di

Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­na­tyn­dan öň dö­re­di­len Azi­ýa Ku­bo­gy il­kin­ji ge­zek 1956-njy ýyl­da ge­çi­ril­di. Azi­ýa Fut­bol Kon­fe­de­ra­si­ýa­nyň (CAF) dö­re­dil­me­gin­den 2 ýyl soň, ge­çi­ri­lip baş­la­nan ýa­ry­şyň il­kin­ji­si­ni Gon­kong gu­ra­dy. Her 4 ýyl­dan gu­ral­ýan bu ýa­ryş 2004-nji ýy­la çen­li jü­büt ýyl­lar­da, 2007-nji ýyl­dan bä­ri-de täk ýyl­lar­da ge­çi­ril­ýär. Azi­ýa Ku­bo­gyn­da Ýa­po­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy iň köp çem­pi­on bo­lan to­par­dyr. Olar bu ku­bo­gy 4 ge­zek as­ma­na gö­ter­di. AFK-nyň 47 ag­za­sy­nyň 32-si bu ýa­ry­şa gat­naş­dy. Şu wag­ta çen­li ge­çi­ri­len 16 bäs­le­şi­giň äh­li­sin­de-de çy­kyş eden ýe­ke to­par hem bol­man, Eý­ran­dyr Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň ýy­gyn­dy­lary 13 ge­zek gat­na­şyp, bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýär­ler. Ola­ryň iki­si-de 62 du­şu­şyk ge­çi­rip, Eý­ran 37, Gü­nor­ta Ko­re­ýa 32 oýun­da ýe­ňiş ga­zan­dy.
Il­kin­ji Azi­ýa Ku­bo­gy 1956-njy ýy­lyň 1–15-nji sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da Gon­kon­gda ge­çi­ril­ýär. Oňa ba­ry-ýo­gy 4 ýy­gyn­dy – Gon­kon­gyň, şol wagt­ky Gü­nor­ta Wýet­na­myň, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň hem-de Ys­ra­ýy­lyň ýy­gyn­dy­la­ry gat­naş­ýar. 20-ä golaý ýy­gyn­dy­­nyň gat­na­şan saý­la­ma tap­gy­ryn­dan soň, ýo­kar­da ady ag­za­lan to­par­la­ryň 3-si, beý­le­ki­si-de ýer eýe­si hök­mün­de il­kin­ji ýa­ry­şyň we­ki­li bol­ýar. Gü­nor­ta Wýet­nam Mer­ke­zi, Gü­nor­ta Ko­re­ýa Gün­do­gar hem-de Ys­ra­ýyl Gün­ba­tar saý­la­ma zo­lak­la­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­ýar. Çem­pio­na­tyň fi­nal tap­gy­ry­na ýol­lan­ma alan 4 ýy­gyn­dy hem bir-bir­le­ri bi­len du­şu­şyk ge­çir­ýär. Hä­zir­ki “Hong Kong” ozal­ky “Govern­ment” sta­dio­nyn­da oý­na­lan du­şu­şyk­la­ryň ne­ti­je­sin­de, 5 utuk top­lan Gü­nor­ta Ko­re­ýa il­kin­ji çem­pi­on bol­ýar. Olar ýer eýe­le­ri bi­len 2–2 deň­me-deň oý­na­ýar. Soň­ra Ys­ra­ýyl­dan 2–1, çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şyk­da-da Gü­nor­ta Wýet­nam­dan 5–3 üs­tün çyk­ýar. Açy­lyş du­şu­şy­gyn­da Gon­kon­gy 3–2, soň­ky oýun­da-da Gü­nor­ta Wýet­na­my 2–1 ýe­ňen Ys­ra­ýyl 2-nji ýe­ri eýe­le­ýär.
Çem­pio­nat­da oý­na­lan 6 oýun­da 27 gol (or­ta­ça 4,5) der­we­zä gi­rip, 4 pök­gi ge­çi­ren ys­ra­ýyl­ly Na­hum Stel­mah ýa­ry­şyň iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy bol­ýar. Ge­çi­ri­len 6 du­şu­şy­ga 136000 (or­ta­ça 22667) jan­kö­ýer to­ma­şa ed­ýär. Çem­pio­nat­da 15 oýun­çy ta­pa­wut­lan­ýar.