Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan döwletimiz sport ýurdy hökmünde tutuş dünýäde ykrar edildi. Ýurdumyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, sportuň köp sanly görnüşleri sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi, ata Watanymyzyň sport üstünliklerine saldamly goşant goşmagy üçin giň ýol açyldy.
Türkmenistan iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ýaňy-ýakynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen taryhy Ýüpek ýolunyň ugrunda iri sport ýaryşy – “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi geçirildi. Dünýäniň köp sanly ýurdundan dünýä belli awtomobil sportunyň türgenlerini güneşli Diýarymyzda birleşdiren bu ýaryş Türkmenistanyň awtomobil sportunyň Ýer ýüzündäki şanyny we mertebesini belende göterdi.
Şöhratly Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundan geçen bu ägirt uly awtomobil ýaryşy dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan sportuň özüneçekiji görnüşleriniň biriniň ussatlaryny hem-de höwesjeňlerini birleşdirdi. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 15 ekipaž wekilçilik etdi. Hünärmenleriň baha bermegine görä, biziň awtomobil sürüjilerimiz gowy netijeleri görkezip, daşary ýurtly türgenler bilen mynasyp bäsleşmegi başardylar. Türkmenistanyň toparlarynyň ikisi bolsa, özleriniň gatnaşan ugurlarynda üçünji orny eýeläp, ýurdumyzyň sport üstünliklerine saldamly goşant goşdular.
Hormatly Prezidentimiz “Amul – Hazar 2018” awtoralli ýaryşynyň netijelerine kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň toparynyň indiki ýylyň 5–12-nji maýy aralygynda geçiriljek awtoralli ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz hemmeleri bu şanly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ähli türgenlerimize indiki ýyl geçiriljek awtoralli ýaryşyna gowy taýýarlanmagy hem-de täze üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Ralliniň netijeleri boýunça üçünji hormat basgançagyna galmagy başaran türkmen toparlarynyň ikisiniň agzalary “Mercedes-Benz E200 Coupe” (sürüji Hojaguly Annamämmedow), “Toyota Avalon” (ýolbeledi Gaýgysyz Akmyradow) hem-de “Toyota Camry” (sürüji Guwanç Hommadow) we “Toyota Camry” (ýolbeledi Rejepnyýaz Annaberdiýew) kysymly awtoulaglar bilen sylaglanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, “Amul – Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyna işjeň gatnaşan işgärleriň we türgenleriň köp sanlysy ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.
Ilkinji gezek geçirilen bu taslamanyň ençeme toparlaryň, sürüjileriň gatnaşmaga meýil bildirmekleriniň türkmen rallisiniň geljekde awtomobil sporty boýunça abraýly ýaryşlaryň senenamasyna girjekdigini çaklamaga esas berýändigi hakykatdyr.
Amyderýanyň kenarynda ýerleşen gadymy Amul galasyndan ýola düşen ussat sürüjiler gündogardan günbatarlygyna tutuş ýurdumyz boýunça bir ýarym müňden gowrak kilometr ýol aşyp, Garagum sährasynyň giňişliklerinde çylşyrymly ýol böleklerini geçdiler. Ýaryşyň ady – “Amul – Hazar 2018” Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş sebit üçin ýurdumyzyň baglanyşdyryjy ornuny ýüze çykardy. Ralliniň aralygynyň umumy uzynlygy 1500 kilometrden gowrak bolan ýörite ýer bölekleriň 5-sinden ybarat boldy. Ulaglaryň sürüjileri tomaşaçylary tehnikany ezber dolandyryşlary bilen begendirdiler.
Ýolsuz ýerlerden gyzykly, ýöne çylşyrymly ugur tehnikalar we adamlar üçin hakyky synag boldy. Garagumuň çägesi, alaňlary, sährasy; tebigatyň gözelligi hem-de ýeňşe bolan ymtylyş ýaryşa gatnaşyjylary ruhlandyrdy. Bu ýaryş diňe bir ajaýyp sport şüweleňi bolman, eýsem, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga saldamly goşant boldy. Bu ýaryşlary guramakda daşky gurşawy goramagyň, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere gönükdirilen çäre hökmünde ralliniň ekologik derejesi möhüm orun eýeledi.
Ýaryşyň ýeňijilerine ýörite baýraklary we “Amul – Hazar 2018” ýadygärlik teňňeleriň toplumyny hem-de sowgatlyk türkmen milli lybaslaryny – içmekleri we silkme telpekleri gowşurdylar. Şeýlelikde, altyn baýragyň eýeleri: özleriniň “MINI” awtoulagynda ýoly hemmelerden tiz geçen ispanlar Hoan Roma we Aleks Haro, Belarusuň “MAZ” topary – sürüjisi Sergeý Wýazowiç, şturmany Pawel Garanin hem-de mehanigi Andreý Žigulin, Gazagystandan “NISSAN” awtoulagynyň topary Kirill Çernenkow we Alekseý Mun, fransuz toparlary Týerri Pitawi we Jillis Kolombe, Iwan-Pýerre we Weronika Dard dagy boldular.
Kümüş baýraklara: Çehiýadan Miroslaw Zapletal we Marek Sikora, Russiýadan “kamazyň” sürüjileri Aýrat Mardeýew, Dmitriý Swistunow we Ahmet Gilýautdinow, fransuz jübüti Herwe Dirs we Alan Brýus, gazagystanlylar Marat we Nursultan Abikaýewler, britaniýaly sürüji Garri Hant öz şturmany Wouter Rozegaar bilen mynasyp boldular.
Hormat münberiniň üçünji basgançagyna, ozal agzalyp geçilişi ýaly, türkmen toparlarynyň ikisi: sürüji Hojaguly Annamämmedow — Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň awtoulag kärhanasynyň sürüjisi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň türgeni hem-de şturman Gaýgysyz Akmyradow — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň awtoulag müdirliginiň serkerdesi, şeýle hem sürüji Guwanç Hommadow, Türkmenistanyň IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni hem-de şturman Rejepnyýaz Annaberdiýew çykdylar.
Bürünç baýrak eýeleriniň arasynda şeýle hem “KAMAZ-masteriň” wekilleri Dmitriý Sotnikow, Ruslan Ahmadeýew, Ilgiz Ahmetzýanow, fransuzlar Žan-Klod Rufýe we Jerom Bos, gollandlar Gert Žan wan der Walk hem-de Branko da Lange bar.
Kerkaw BAGABEKOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.