Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti saz­la­şyk­ly ösüş ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýar. Halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da­ky ösüş dep­gin­le­ri we ýe­ti­len sep­git­ler ýur­du­my­zyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi za­lyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş çä­re­sin­de halk köp­çü­li­gi­ne gör­ke­zil­di.
Ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my – Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si­ni ge­çir­mek in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di.
Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ser­gi­de ener­ge­ti­ka hem-de se­na­gat, ne­bit we gaz, ne­bit­hi­mi­ýa, gur­lu­şyk hem-de gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri, ulag we ara­gat­na­şyk, dok­ma önüm­çi­li­gi we ha­ly­çy­lyk, hi­mi­ýa pu­da­gy, oba hem-de suw ho­ja­ly­gy, oba­se­na­gat top­lu­my, luk­man­çy­lyk, bi­lim, me­de­ni­ýet, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk, çap­ha­na, te­bi­ga­ty go­ra­mak hem-de gök gu­şak sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­le­ri ýa­ly äh­li ul­gam­lar­da­ky ösüş dep­gin­le­ri wi­deo­ro­lik­ler­de, çap­ha­na önüm­le­rin­de – ki­tap­lar­da, žur­nal­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Ser­gi­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar, hä­zir­ki za­man gur­lu­şyk we ti­mar­la­ýyş se­riş­de­le­ri, komp­ýu­ter we kom­mu­ni­ka­si­ýa müm­kin­çi­lik­le­ri, azyk se­na­ga­tyn­da ýe­ti­len sep­git­ler, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­nyň ösü­şi gör­ke­zil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň “Ma­ha­bat” mü­dir­li­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ýa­kyn­da ge­çi­ri­len “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si ba­ra­da taý­ýar­lan in­te­rak­tiw di­war­ly­gy bu ýe­re ge­len myh­man­la­ryň ün­sü­ni özün­de jem­le­di. Ser­gä ge­len myh­man­lar smart­fon­la­ry we wir­tu­al gör­nüş­dä­ki äý­nek­le­ri ulan­mak ar­ka­ly, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bi­len Ga­ra­gum säh­ra­syn­dan ge­çen ral­li-reý­diň jüm­mü­şi­ne ara­la­şyp, meş­hur aw­to­sü­rü­ji­le­riň or­nu­ny eýe­läp hem-de ýur­du­my­zyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri, ta­ry­hy we me­de­ni aja­ýyp­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy­lar.
Ser­gi­de ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri hem öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­di­ler. Olar dür­li ul­gam­lar­da – oba ho­ja­ly­gyn­da we azyk se­na­ga­tyn­da, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, hä­zir­ki za­man se­na­gat des­ga­la­ry­nyň hem-de gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gin­de ýö­ri­te­leş­ýär­ler.
Bu sergi ýurdumyzyň öndürijileriniň önümlerini ýaýmak üçin netijeli meýdança bo­lup hyz­mat et­di. Ol da­şa­ry ýurt­ly işe­wür­ler­de, myh­man­lar­da we bi­ler­men­ler­de türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň saz­la­şyk­ly ösü­şi ba­bat­da has köp mag­lu­mat al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­ret­di.

Baýmyrat SOPYÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.