Şu günler ýurdumyzyň esasy baýramy – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk şanly baýramçylygy ýurdumyzyň ähli künjegini şatlyk-şagalaň bilen gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze üstünliklere tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durnukly ösüş depginleri gazanylýar. Garaşsyzlyk baýramçylygyny belent zähmet ýeňişleri bilen garşylamaga taýýarlanýan ildeşlerimiz ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant goşýarlar.
Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda birnäçe açylyş dabaralary geçirildi. Paýtagtymyz Aşgabadyň Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan täze köp gatly jaýlaryň ikisi umumymilli baýramçylygyň — ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda aşgabatlylara ajaýyp sowgat boldy. Ak mermerli şäherimiziň Parahat-7 etrapçasy üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn ýaşaýyş jaý gurluşyk maksatnamasynyň aýdyň mysalydyr, bu ýerde aşgabatlylaryň müňlerçe maşgalasy ajaýyp öýlere göçüp bardylar.
Täze Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumy etrapçany gurmagyň bir bölegi hökmünde batly depginler bilen bina edilýär. Bu toplum Ýunus Emre, Alty Garlyýew, Baba Annanow hem-de “10 ýyl abadançylyk” köçeleriniň çäklerindäki umumy meýdany 30 gektardan gowrak bolan ýerde gurulýar. Şu ýerde eýýäm gurulmagy meýilleşdirilen 9 gatly jaýlaryň 27-sinden 8-si, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep hem-de 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi we söwda merkezi ulanmaga berildi. Geljekde milli Liderimiziň görkezmesi boýunça bu ýerde ýene-de bir mekdebi we çagalar bagyny gurmak bellenildi.
Bagtly jaý eýeleri köp gatly jaýlaryň ikisinde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýleriň 144-siniň açaryny aldylar. Jaýlaryň biri bir, iki, üç hem-de 4 otagly öýleriň 108-sinden ybarat bolup, ikinji jaýda dört we bäş otagly öýleriň 18-si bar, olaryň uly ýaşaýyş meýdany bar. Aşhana, eýwan — bularyň hemmesi ýokary amatlylygyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Öýlerde oturdylan ýokary hilli mebeller ýurdumyzyň önümleri bolup, döwrebap bezege eýedir. Dürli-dürli durmuş tehnikalary bolsa, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň öndüren täze nusgalaryna kybap gelýär.
Täze jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy, şol ýerde çagalaryň oýnamagy, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülikleýin çäreleri we dabaralary geçirmek üçin meýdança göz öňünde tutuldy. Jaýlaryň töwereginde gül ekilen aýmançalar, gülçanaklar, ýol yşyklarynyň oýlanyşykly ulgamy gözüňi dokundyrýar. Dükanlary bolan söwda bazary hem ýakynda ýerleşýär.
***
Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze desgalaryň birbada ikisi — aş önümlerini öndürýän zawod hem-de ýyladyşhana toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde bina edildi.
Balkanabatda gurlan aş önümlerini öndürýän täze zawod döwrebap italiýan enjamlary bilen üpjün edildi. Awtomatlaşdyrylan tehnologiýa ulgamynyň kuwwaty ýylda 270 tonna önüme deňdir. Häzirki wagtda bu ýerde aş önümleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligi özleşdirilip, 0,5 we 5 kilogram bolan gaplara gaplanan hem-de “PG” harytlyk nyşany astynda ýerlenilýär.
Ýyladyşhana toplumy bolsa, tutuş ýylyň dowamynda ilaty gök önümler bilen üpjün eder. Onuň üçin günbatar sebitiň dolandyryş merkeziniň golaýynda ýer bölegi berildi. Bu desga hem ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Ilkibaşda bu ýerde 0,5 gektar ýerden ýylda ýokary hasylly ýerli we daşary ýurt sortlaryn-dan bolan pomidoryň 200 tonnasyny ýygnap almak meýilleşdirilýär.
***
Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylary şanly baýramçylyga — ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe ajaýyp sowgat aldylar. Bu ýerde täze ýaşaýyş toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ol 4 gatly jaýlaryň dördüsinden ybarat bolup, olaryň her birinde dört we üç otagly öýleriň 24-si bar. Gurluşygyň barşynda öňdebaryjy tehnologik enjamlar we timarlaýyş serişdeleri ulanyldy.
Ýurdumyzyň döwrebap şäher gurluşygynyň talaplaryny nazara almak bilen, taslamasy ýerli hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanan ýokary amatlykly jaýlar A.Nyýazow köçesiniň binagärlik görküne görk goşdy. Toplumyň gurluşygyna Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň Türkmenabat gurluşyk önümleri zawody hem-de Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasy gatnaşdylar.
Täze ýaşaýyş toplumynyň öýlerinde ýaşaýjylar üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutuldy. Üçekleri beýik we oňat timarlanan giň ýagty otaglar, oňaýly enjamlaşdyrylan aşhana hem-de eýwan täze jaý eýeleri üçin amatly şertleri döreder. Ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi, şol ýerde çagalar üçin giň meýdança enjamlaşdyryldy. Toplumyň çäginde toý we beýleki çäreleri geçirmek üçin 300 orunlyk bina göz öňünde tutuldy.