Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty geçirildi. Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe — ählumumy baýrama bagyşlanyp geçirilýän maslahatyň işine daşary ýurtlardaky türkmen kowçumlaryndan hem-de Watanymyzyň ähli künjeginden gelen wekiller gatnaşdylar.
Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan ildeşlerimiz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine we parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de abadançylygyň ählumumy maksatlaryna eýerýän Garaşsyz Türkmenistanyň halkara syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
DTYB-nyň XXI maslahatynyň işiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular.
Soňra “Mekan” köşgünde maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, DTYB-nyň toparlaýyn agzalary bolan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen birleşigiň şahsy agzalary, ylym hem-de medeniýet işgärleri, hormatly il ýaşululary, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy maslahatyň başlanýandygyny habar berdi. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns we çäksiz ruhubelentlik bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda ýygnananlary we DTYB-nyň agzalarynyň ählisini Garaşsyzlygyň 27 ýyllygy bilen gutlap, şu maslahatyň dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek, olaryň ykdysadyýet, medeniýet ylym we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, telekeçilik ýaly dürli ugurlar boýunça aragatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda örän möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.
Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem abraýly halkara gurama bolan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi hakyndaky hasabat diňlenildi. Onda bellenilişi ýaly, dünýäniň 14 ýurdunda DTYB-nyň bölümleriniň 27-si hereket edýär. Onuň düzüminde 300-den gowrak topar we ýüzlerçe agzalar, şol sanda daşary ýurtly ildeşlerimiziň 400-e golaýy bar. Soňky ýyllarda ylym we bilim, medeniýet hem-de sungat, ykdysadyýet we telekeçilik, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda DTYB-nyň daşary ýurt bölümleri bilen aragatnaşyklar işjeňleşdi.
Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Saud Arabystanyndan gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurtlardaky bölümleriniň işi hakynda gürrüň berdiler. Çykyş edenler pursatdan peýdalanyp, dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan ildeşlerimize berýän ünsi we aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Maslahata gatnaşyjylar Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine berilýän ýardamy we goldawy, ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna birnäçe ýurtlarda durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň bina edilmegini Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwer syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysaly hökmünde bellediler. Çykyşlarda iri ulag ulgamynda we energetika pudagynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu ugurda, hususan-da, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň, dostlugyň we abadançylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisini görkezmek bolar.
Şeýle hem maslahatda türkmen medeniýetiniň we onuň görnükli wekilleriniň döredijilik mirasynyň şan-şöhratyny artdyrmak babatdaky çäreleriň geçirilýändigi hakynda habar berildi. Maslahatyň dowamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeň agzalaryna Hormat hatlary gowşuryldy.
Maslahatyň ahyrynda baýramçylyk konserti boldy. Şeýle-de daşary ýurtly ildeşlerimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşarlar.