Türkmenistanyň Garagum sährasynda geçirilen awtomobil ýaryşy uly gyzyklanma döretdi. Iri metbugat we halkara mediýa neşirlerinde “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisiniň jemleri hem-de netijeleri hakynda giňişleýin maglumatlar berildi.
Ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen giň möçberli awtomobil ýaryşlarynyň başlangyjynyň hormatly Prezidentimize degişlidigini we milli Liderimiziň oňyn başlangyç tapgyryny açyp, bäsleşige gatnaşandygyny belleýärler.
Internet saýtlaryna goşulan wideoroliklere we RT (“Russia Today”) teleýaýlymynda alty dilde beýan edilen habarlara millionlarça tomaşaçylar goşuldy. Bu habar ýerleşdirilen gününden bir gün geçenden soň, şol saýty peýdalananlaryň sany 1,2 milliondan gowrak boldy.
– “Amul – Hazar 2018” rallisi dünýä awtomobil ýaryşlary ulgamynda özboluşly waka öwrüldi – diýip, RT öz beýanynda belleýär. Şeýle hem bu habar degişli wideo arkaly utgaşdyrylyp, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ugradyldy.
Şeýle hem “Eurosport” ýaýlymynda türkmen sährasy boýunça geçirilen ýaryşyň ähli bäş tapgyry barada aýratynlykda taýýarlanylan şekiller berildi. Ýaryşyň jemleýji tapgyry hakynda edilen rolik has meşhurlyk gazandy. Oňa bir ýarym milliona golaý tomaşaçy syn etdi. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpüsi “Çöldäki tomaşa”, “Amul giňişliginden Hazara çenli Türkmenistanyň sährasy ajaýyp şekilleri bilen özüne çekýär” diýen sözbaşylar bilen köp sanly makalalar taýýarladylar. Bir söz bilen aýdylanda, Garagumda geçirilen ralli ýaryşlaryna aýratyn üns berildi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň birnäçesi ýaryşa gatnaşyjylaryň aýdan sözlerini beýan etdiler. Olar ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginde milli Liderimiziň goldawyna aýratyn ornuň degişlidigini nygtadylar.
Köp sanly sport neşirlerinde, şol sanda ýöriteleşdirilen awtomobil sporty neşirlerinde “Amul – Hazar 2018” halkara rallisiniň türkmen rallisini guraýjylaryň toparyna ýolbaşçylyk eden Žan-Lui Şlesseriň guraýan meşhur “Afriсa Eсo Raсe” rallisiniň saýlama tapgyryna öwrülendigi bellenilýär. Munuň özi “Dakar” derejeli dünýä ýaryşlarynyň sanawyna goşulmak üçin oňyn şerti üpjün edýär.
Şamar DURDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.