Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halky “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň tylla güýzüniň ilkinji aýynda agzybirlikde, bir maşgala bolup, baş döwlet baýramyny – mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk şanly toýuny toýlady. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgesinden ruhlanyp, zähmet çekýän watandaşlarymyz ýurdumyzyň baş baýramyna uly zähmet ýeňişleri we üstünlikleri bilen geldiler. Ýurdumyzyň çar künjegi baýramçylyk lybasyna bürendi.
Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlar bilen Garaşsyzlyk toýuny toýlan türkmen ili Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze belentliklere, üstünliklere we sepgitlere ynamly gadam urýar. 27 ýyldan bäri öz garaşsyzlyk ýoluny dowam etdirýän Türkmenistan döwletimiz milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülip, parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan we uly üstünliklere beslenýän daşary syýasatynyň saýasynda halkara jemgyýetçiligindäki abraýy has-da belende göterilýär.
Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda köp öwüşginli dabaralar geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Garaşsyzlyk toýunyň dabaralary ir säher Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Soňra paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk meýdanynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Baýramçylyk dabarasy Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda dabaraly harby ýöriş bilen başlandy. Harby ýörişde Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny alamatlandyrýan harby tehnikalaryň Baş münberiň öňünden geçmegi baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny baýlaşdyrýan şol tehnikalaryň aglabasy hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinamyzy pugtalandyrmak maksady bilen täzelikde satyn alyndy.
Dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylarynyň geçmekleri ýurdumyzda Watan goragçylarynyň ýaşlykdan ösdürilip ýetişdirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy – “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanylmagy geljekki Watan goragçylarynyň buýsanjyna öwrülip, olary täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Harby ýöriş tamamlanandan soňra ýurdumyzyň baş meýdanyndan ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň zähmetkeşleri, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän müňlerçe adam geçdi. Şolaryň hatarynda önümçiligiň öňdebaryjylary, meşhur ussatlar we esasy hünärmenler, ýaş işgärler bar. Dabaraly ýörişiň çäklerinde aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlandy.
Ýurdumyzyň baş meýdanyndaky baýramçylyk dabaralary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, eziz Watanymyza we beýik Garaşsyzlygymyza bagyşlanan köp öwüşginli aýdym-saz, tans kompozisiýasy bilen jemlendi. Dabaranyň ahyrynda ýene-de “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen sözler ruhubelentlik bilen ýaňlandy. Milli baýramçylyk mynasybetli dabaralar tutuş ýurdumyzda, ähli şäherlerde we obalarda dowam etdirildi.
Şeýle hem Garaşsyzlyk güni mynasybetli “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada konsert boldy. Konsert tamamlanandan soň, baýramçylyk feýerwerki atyldy. Agşam asmanda köp öwüşginli şöhleler peýda bolup, şatlykly baýramçylygyň ýatdan çykmajak täsirlerini galdyrdy.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli paýtagtymyzda halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, özygtyýarly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna şahsy goşant goşan ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, düzümleriň we guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglary gowşuryldy.
“Zaman–Türkmenistan”.