2018-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 2-nji oktýabry aralygynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrar.
Milli Liderimiziň saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň guramagynda birnäçe duşuşyklar geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşyp, halkara guramanyň belent münberinden BMG bilen geljekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy nukdaýnazarlaryny beýan eder. Bitarap Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwrüň esasy meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalara işjeň gatnaşmak bilen, Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine global gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmekde köptaraply işinde möhüm basgançak hökmünde garaýar. Türkmenistan geljekde ýaragsyzlanmak we köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmazlyk üçin howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyga ygrarly bolup durýar. Ýurdumyz terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara ulgamyny berkitmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Türkmenistan 2015-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Bütindünýä sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Hususan hem Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini we ondan gelip çykýan olary amaly taýdan durmuşa geçirmek babatda 148 wezipeleri, şeýle hem 194 görkezijilerini resmi taýdan kabul etdi.
Türkmenistan durnukly ulag, energetika we howanyň üýtgemegi ugrunda anyk başlangyçlary öňe sürýär, şeýle hem halkara guramalaryň gatnaşmagynda sebitiň ähli ýurtlarynyň gyzyklanmalaryny nazara almak bilen, halkara hukugyň degişli kadalarynyň esasynda Merkezi Aziýada suw we ekologiýa meselelerine seredilmeginiň we çözülmeginiň tarapdary bolup durýar.
Dünýäniň häzirki zaman syýasy, ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar diňe bir döwletiň ösüşini däl, eýsem, tutuşlygyna alanyňda, uzak möhletleýin geljegi bolan halkara gatnaşyklary kesgitleýän strategik güýje öwrülýär. Hut şonuň üçin hem Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykda Türkmenistan ýaşlaryň bähbitlerini goramak ugrunda Ählumumy hyzmatdaşlygy döretmegiň zerurlygy hakyndaky başlangyjy öňe sürýär.
Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ysnyşykly halkara gatnaşyklary goldaýar, parahatçylygyň we adalatlylygyň belent maksatlaryny ykrar etmegiň, Birleşen Milletler Guramasynyň öňünde durýan maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň hatyrasyna bilelikde işleşmäge berk taýýardygyny beýan edýär.
Ýeňiş MAMMOWOW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.