Paýtagtymyzyň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda “Hezreti Omar” metjidiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň müftüsi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, şeýle hem hormatly ýaşulular, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygynyň öň ýanynda bolan bu waka öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiziň we däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we artdyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Täze metjit hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, “Hoja Ahmet Ýasawy” dini guramasynyň buýurmasy esasynda “Aga gurluşyk” hojalyk kärhanasy tarapyndan milli binagärligiň iň gowy ýörelgelerini ulanmak bilen guruldy.
Sadaka bermek üçin binany hem goşmak bilen metjidiň umumy meýdany 13 müň inedördül metrden gowrak çägi eýeleýär. Metjidiň minarasynyň 63, merkezi we kiçi gümmezleriniň ölçegleriniň 40 we 23 metre deň bolmagynyň aýratyn mana eýedigini bellemek gerek. Bu sanlaryň her biri Muhammet Pygamberiň ady bilen baglanyşykly bolup, Pygambe-riň ýaşan ömrüni, Pygamberlik berlen ýaşyny hem-de pygamberlik döwrüni alamatlandyrýar.
Metjit toplumynyň düzümine sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary geçirmek üçin ýörite bina, awtoduralga girýär. Metjidiň ajaýyp binasy diňe bir binagärlik görnüşinde däl-de, ýanaşyk çäkleriniň aňrybaş derejede abadanlaşdyrylma-gy bilen hem haýran galdyrýar. Dabara gatnaşyjylar metjidiň daşky binagärlik keşbi bilen tanşyp, binanyň içine girdiler. Onuň içki timarlaýyş işlerinde mermer, granit ýaly gymmat bahaly serişdeler, agajyň gymmatly görnüşleri peýdala-nyldy. Keramatly Gurhanyň sürelerini beýan edýän ýazgylar metjidiň bezeginde aýratyn orun eýeleýär. Şeýle ýazgylar binanyň öň tarapyny hem bezeýär. Metjitde bir wagtda üç müň adamyň namaz okamagy üçin şert döredilipdir, onuň ýokarky gaty zenanlar üçin niýetlenendir.