Dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni her ýyl döw­let de­re­je­sin­de sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy ýur­du­my­zyň Baş baý­ra­my­nyň – Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýär, mu­nuň özi dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň özyg­ty­ýar­ly Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ok­gun­ly ösü­şi­ne go­şan­dy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni aň­lad­ýar. Golaýda Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly at­la­ry­na my­na­syp bo­lan dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň hem-de ede­bi­ýat, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň, ýaş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň we ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da yg­lan edi­len “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Güýz pas­ly­nyň aja­ýyp gün­le­ri­niň bi­rin­de ge­çi­ri­len bu da­ba­ra­da Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ha­ly­pa mu­gal­ly­my Oraz­my­rat Aman­my­ra­dow hem “Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti” di­ýen ada my­na­syp bol­dy.
Ha­ly­pa mu­gal­lym Oraz­my­rat Aman­my­ra­dow bi­len söh­bet­deş­li­gi­miz poe­zi­ýa­dan baş­lan­dy. Biz us­sat mu­gal­ly­my Şa ser­pa­ýy bi­len gut­lap, gel­jek­de has-da şow­ly dö­re­di­ji­lik üs­tün­lik­le­ri­ni ar­zuw et­dik. Ol: “Men türk­me­niň uly şa­hy­ry, öz deň-du­şym Gur­ban­na­zar Ezi­zow bi­len ýaş­lyk ýyl­la­ry­myz­da ýy­gy-ýy­gy­dan du­şu­şar­dym. Şu gün­ler­ki toý­ly gün­ler­de onuň şu ben­di ýa­dy­ma düş­ýär:

Geç­sin ýaz­la­ry­ňyz he­re­ket bi­len,
Be­re­ket­li gel­sin, tyl­la güý­zü­ňiz.

Men “Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti” di­ýen ada my­na­syp bol­ma­gy­my hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 80-nji güý­zü­me ýa­pan Şa ser­pa­ýy di­ýip ho­şal­lyk bi­len ka­bul ed­ýä­rin. Mu­nuň üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za al­kyş aýd­ýa­ryn, onuň be­lent ba­şy­nyň aman bo­lup, tu­tum­ly iş­le­ri­niň mun­dan beý­läk-de ro­waç al­ma­gy­ny di­leg ed­ýä­rin” – di­ýip, ýü­rek buý­san­jy­ny be­ýan ed­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň “Ýe­ke­lik­de aý­dym aýt­mak” ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my Oraz­my­rat Aman­my­ra­dow Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ni özü­niň aý­dym-saz dö­re­di­ji­li­gi­niň gül­län we ösen döw­ri di­ýip ha­sap­la­ýar – aja­ýyp za­ma­na­myz, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len gül aç­ýan ata Wa­ta­ny­myz­da ag­zy­bir hem-de zäh­met­sö­ýer hal­ky­my­zyň bir­le­şen ta­gal­la­la­ry bi­len ga­za­nyl­ýan uly üs­tün­lik­ler dö­re­di­ji­lik adam­la­ry üçin yl­ham çeş­me­si­dir.
Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ope­ra hem-de ýe­ke­lik­de aý­dym aýt­mak sun­ga­ty bi­len gy­zyk­lan­ýan hö­wes­jeň, yh­las­ly ta­lyp ýaş­la­ry­na gö­züň dü­şen­de at­la­ry hor­mat bi­len ýat­la­nyl­ýan ha­ly­pa­la­ry­my­zyň sun­gat ýo­lu­nyň do­wa­mat do­wam bol­jak­dy­gy­na yna­myň art­ýar. Is­len­dik ba­bat­da ýaş­la­ry­my­za gö­rel­de mek­de­bi bo­lup dur­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da aý­dym-saz sun­ga­ty­my­zy has-da ös­dür­mek­de hem-de dün­ýä ýaý­mak­da, sun­ga­ty­my­zyň äh­li ugur­la­ryn­da ha­ly­pa-şä­girt­lik ýo­lu­nyň do­wam et­di­ril­me­gin­de uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa, her bir me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gä­ri­niň kal­byn­da buý­sanç duý­gu­la­ry­ny dö­red­ýär.
Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi we äh­li türk­men hal­ky­my­zy mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­lyk şan­ly to­ýy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň hem-de sun­ga­ty­my­zyň be­lent de­re­je­le­re ýe­ti­ri­lip, dün­ýä ýa­ýyl­ma­gyn­da bi­möç­ber iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän, ha­ly­pa-şä­girt­lik ýo­lu­nyň do­wam et­di­ril­me­gi­ne uly müm­kin­çi­lik­le­ri döre­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, ba­şy dik bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­ly iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Re­jep­my­rat An­na­my­ra­dow,
Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň
uly mu­gal­ly­my.