Beýik Garaşsyzlyk – halkyň bakylygydyr we bagtyýar ertirine – müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlyk – halkyň millet hökmünde dünýä döwletleriniň arasyndaky ykrar edilmegidir. Taryhyň ençeme synaglaryndan geçen, geçmişi şan-şöhrata beslenen edermen türkmen halky bu günki gün Garaşsyzlygyň näderejedäki gymmata eýedigine düşünýär we oňa mukaddeslik hökmünde tagzym edýär. Bu ýyl bolsa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýan türkmen halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygyny Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda uly baýram edip belledi. Ähli babatda ösüşleriň we özgerişleriň döwri bolan bagtyýarlyk zamanamyzda her bir günümiz şanly senelere, taryhy wakalara beslenip, halkymyza egsilmez şatlyk eçilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk şanly toýuny toýlan eziz Diýarymyzda halk bähbitli, dünýä ähmiýetli işler badalga berildi. Bu taryhy döwürde ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda belent sepgitlere ýetilip, asyrlara barabar işler edildi.
Bagtyýarlyk döwrümiziň her bir güni, aýy bir-birinden tapawutlanyp, raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny täze öwüşginler bilen bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has hem gowulandyrmakda tagalla edilýär. Her bir raýatymyzyň, hususan-da ýaş nesillerimiziň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, ruhubelent bolmaklary üçin ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine iňňän uly üns berilýär. Ýurdumyzyň her bir güni hormatly Prezidentimiziň beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil, watansöýüji ýaşlary terbiýelemek meselelerine, bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegine berýän ägirt uly ünsüne, ýadawsyz aladasyna şaýatlyk edýän şanly wakalardan doly. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadançylygynyň, eşretli durmuşynyň we ýurdumyzyň röwşen geljeginiň bähbidine alnyp barylýan giň gerimli işleriň ählisi nesiller üçindir.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ýaşlarynyň milli däp-dessurlarymyza wepaly, sagdyn kemala gelmegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet baştutanymyz berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, watançy nesilleri terbiýelemegiň, ýaşlarda mähriban Watanymyza, ajaýyp tebigatymyza, dost-doganlyk ýörelgelerimize, maşgala gymmatlyklarymyza, zähmete we sporta söýgini ösdürmegiň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň biziň öňümizde goýlan esasy maksatdygyny aýratyn belleýär. Bu maksada ýetmegiň ýolunda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler sanardan köpdür.
Türkmen ýaşlary jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlaryň döwlet durmuşyna degişli işlerde öň hatardadygyna, olaryň durmuş derejesiniň döwlet tarapyndan çynlakaý üns merkezinde saklanylyp, mydama bagtyýar ýaşaýşa bolan höwesleriniň ganatlanýandygyna şaýat bolanyňda, göwnüň galkynýar. Ýurdumyzda mukaddes Watanymyzyň beýik geljeginiň şu günki nesliň aljak bilim-terbiýesi bilen baglanyşdyrylýandygy bellidir. Ýaşlaryň aň-düşünjesini döwrebaplaşdyrmak, ony ösen döwletleriň derejesinde ýene-de öňe alyp gitmek, bilim bermekde dünýä tejribelerini öwrenmek bilen, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak ýaly işler şu günüň nukdaýnazaryndan alanyňda, diýseň uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwür maglumat tehnologiýalarynyň örän güýçli ösýän zamanasydyr. Şonuň üçin-de, ýaşlara bilim we terbiýe berlişiniň hil derejesini barha ýokarlandyrmak alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň esasyny düzýär. Muňa laýyklykda, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine yzygiderli üns berilýär we gurlup, ulanylmaga berilýän ajaýyp bilim binalary ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk keşbini has-da baýlaşdyrýar, onuň gözelligine gözellik goşýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlar baradaky, olaryň halkara ösüşindäki ornuna bagyşlanan birnäçe anyk çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ykdysady we durmuş abadançylygynyň ýokary derejede üpjün edilmegi ýaş nesilleriň bilimine, iş we ýaşaýyş şertlerine, saglygyna ägirt uly maýa goýumlaryny gönükdirmäge, şeýle hem olaryň hukuklaryny goramaga oňyn mümkinçilik berýär. Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynda kabul edilen il-ýurt bähbitli çözgütler hem halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň şu günki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek barada edýän taýsyz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Sona ISLAMOWA,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
uly mugallymy.