Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da to­par­ça­lar­da­ky il­kin­ji du­şu­şyk­lar oý­nal­dy. Şol oýunlarda tä­sin sta­tis­ti­ka­lar, mag­lu­mat­lar ha­sa­ba alyn­dy.
* Möw­sü­miň il­kin­ji go­lu­ny “bar­se­lo­na­ly” Lio­nel Mes­si öz ady­na ýaz­dy­ryp, ol mu­ny il­kin­ji ge­zek baş­dan ge­çir­ýär. PSW-niň to­run­dan 3 gol ge­çi­ren Mes­si Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 8-nji het-tri­gi­ni edip, bu ugur­da Ro­nal­do­dan öňe saý­lan­dy. Ga­ly­ber­se-de, Lio­nel Mes­si Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da yz­ly-yzy­na 14 möw­süm­de ta­pa­wut­la­nyp, Ra­ul Gon­za­le­siň re­kor­dy­ny gaý­ta­la­dy. Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da umu­my­lyk­da Raýn Giggs 16, Ra­ul Gon­za­les 15 möw­süm­de gol ge­çi­ren fut­bol­çy­lar­dyr. Mes­si bol­sa, 3-nji orun­da bar­ýar.
* 3–0 ha­sa­byn­da ýer eýe­le­ri­niň ýeň­şi bi­len ta­mam­la­nan “Re­al Mad­rid”–“Ro­ma” du­şu­şy­gy­nyň 23-nji mi­nu­tyn­da sa­ry kar­toç­ka alan Ser­jio Ra­mos tä­ze re­kor­dyň eýe­si bol­dy. Ol Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 37-nji sa­ry kar­toç­ka­sy­ny alyp, bu ugur­da Pol Skoulz­dan (36 sa­ry kar­toç­ka) öňe geç­di. Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň-da iň köp sa­ry kar­toç­ka­ly oýun­çy­sy bo­lan Ra­mos few­ral aýyn­da “La Li­ga­nyň” hem iň köp sa­ry kar­toç­ka­ly fut­bol­çy­sy bo­lup­dy. Ol şon­da 162-nji ge­zek sa­ry kar­toç­ka alyp, Al­ber­to Lo­po­nyň re­kor­dy­ny yz­da gal­dy­ryp­dy. Häzirki wagtda Ramosyň “La Li­ga­da­ky” sa­ry kar­toç­ka­la­ry­nyň sa­ny­ 173-e deňdir. Onuň “La Li­ga­da” 19 sa­ny gy­zyl kar­toç­ka­sy-da bar.
* Ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da öz meý­dan­ça­syn­da “Li­on­dan” 2–1 as­gyn ge­len “Man­çes­ter Si­ti” to­pa­ry Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da yz­ly-yzy­na 4 du­şu­şyk­da ýeň­li­şe se­ze­war bo­lan il­kin­ji iň­lis klu­by diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Pep Gu­ar­dio­la­nyň şä­girt­le­ri öz meý­dan­ça­syn­da oý­nan soň­ky 3 du­şu­şy­gyn­da-da 2–1 ha­sa­by bi­len utul­dy.
* Myh­man­çy­lyk­da “Wa­len­si­ýa­ny” Mi­ra­lam Pýa­ni­çiň pe­nal­ti­den ge­çi­ren 2 go­ly bi­len ýeň­me­gi ba­şa­ran “Ýu­wen­tus” to­pa­ry­nyň tä­ze trans­fe­ri Kris­tia­no Ro­nal­do oý­nuň 29-njy mi­nu­tyn­da gy­zyl kar­toç­ka al­dy. Top­suz ýer­de oý­nuň düz­gü­ni­ni bo­zan Ro­nal­do ger­ma­ni­ýa­ly Fe­liks Bryh kö­mek­çi­si­niň mas­la­ha­ty bi­len gy­zyl kar­toç­ka gör­kez­di. Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 154-nji du­şu­şy­gy­ny oý­nan Ro­nal­do bu ýa­ryş­da il­kin­ji, karýerasy boýunça-da 11-nji ge­zek gy­zyl kar­toç­ka al­dy.
* 2–2 ha­sa­byn­da deň­lik­de gu­ta­ran “Şaht­ýor”–“Hof­fen­haým” du­şu­şy­gyn­da myh­man­çy­lyk­da­ky ne­mes to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si Jul­li­an Na­gels­man 31 ýaş 58 gün bi­len Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň iň ýaş tä­lim­çi­si bol­dy.
* “Ben­fi­ka”–“Ba­wa­ri­ýa” (0–2) oý­nu­nyň 88-nji mi­nu­tyn­da meý­dan­ça gi­ren To­mas Mül­ler Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 100-nji du­şu­şy­gy­ny ge­çi­ren 35-nji fut­bol­çy bol­dy. Ol Oli­wer Kan we Fi­lipp Lam­dan soň, bu gör­ke­zi­jä ýe­ten 3-nji ne­mes fut­bol­çy­sy­dyr.
* UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň to­par­ça­lar­da­ky 2-nji du­şu­şyk­lary 2–3-nji okt­ýabr­da oý­na­lar. Tap­gy­ryň iň esa­sy oýun­la­ry hök­mün­de “Man­çes­ter Ýu­naý­ted”–“Wa­len­si­ýa”, “Tot­ten­ham”–“Bar­se­lo­na” hem-de “Na­po­li”–“Li­wer­pul” du­şu­şyk­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar.