XVII Azi­ýa Ku­bo­gy­na ta­rap

Fut­bol bo­ýun­ça Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň ikin­ji­si 1960-njy ýy­lyň 14–23-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa­da ge­çi­ril­ýär. Oňa edil 1-nji ýa­ryş­da­ky ýa­ly 4 ýy­gyn­dy gat­naş­ýar. Ýer eýe­le­ri Gü­nor­ta Ko­re­ýa­dan ga­lan beý­le­ki 3 to­par saý­la­ma oýun­la­ryn­dan soň ýol­lan­ma al­ýar. Mer­ke­zi zo­lak­dan şol wagt­ky Ma­la­ýa­ny (hä­zir­ki Ma­laý­zi­ýa) hem-de Sin­ga­pu­ry ýe­ňen Gü­nor­ta Wýet­nam, Gün­do­gar zo­lak­dan Fi­lip­pin­le­riň hem-de Gon­kon­gyň ýy­gyn­dy­la­ry­nyň iki­si­ni-de 7–4 ha­sa­byn­da ýe­ňen Hy­taý Taý­pe­ýi, Gün­ba­tar zo­lak­da­nam Eý­ran­dyr Pa­kis­ta­nyň we Hin­dis­ta­nyň ýy­gyn­dy­la­ryn­dan öňe saý­la­nan Ys­ra­ýyl fi­nal tap­gy­ryn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­ýar. 4 ýyl ozal Gon­kong­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da Gon­kon­gyň de­re­gi­ne bu ge­zek Hy­taý Taý­pe­ýi gat­na­şyp, beý­le­ki 3-si 2-nji ge­zek Azi­ýa Ku­bo­gy­na we­kil­çi­lik ed­ýär.
Çem­pio­na­tyň 1-nji du­şu­şy­gyn­da ýer eýe­le­ri Gü­nor­ta Ko­re­ýa Gü­nor­ta Wýet­nam­dan 5–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ýar. Bu du­şu­şyk­da Ço Ýun-ok 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar. Ýe­ne-de ady ag­za­lan şol oýun­çy­nyň 2 gol ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa Ys­ra­ýy­lyň ýy­gyn­dy­sy­nyň to­run­dan jo­gap­syz 3 pök­gi gi­riz­ýär. Ga­za­ny­lan bu ýe­ňiş ko­reý­le­ri çem­pi­on­ly­ga go­laý­lad­ýar. Beý­le­ki oýun­lar­da-da Hy­taý Taý­pe­ýi Gü­nor­ta Wýet­na­my 2–0 ýeň­ýär. Gü­nor­ta Wýet­nam Ys­ra­ýyl­da­nam 5–1 ha­sa­byn­da utu­lyp, çem­pio­na­ty 4-nji ha­tar­da ta­mam­la­ýar. Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy to­par­ça­da­ky 3-nji oý­nun­da Hy­taý Taý­pe­ýi­ni Mo­on Žun-Sy­kyň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da utup, Azi­ýa­nyň bas­syr 2-nji ge­zek çem­pio­ny bol­ýar. Bu ola­ryň hä­zir­ki wag­ta çen­li soň­ky çem­pi­on­ly­gy bo­lup, ola­ra 60 ýyl­dan bä­ri il­kin­ji 2 ýa­ryş­da ga­za­nan çem­pi­on­lyk­la­ry­ny gaý­ta­la­mak hä­zir­lik­çe ba­şar­da­nok. Çem­pio­na­tyň soň­ky oý­nun­da Hy­taý Taý­pe­ýi­ni 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen Ys­ra­ýyl 4 ýyl ozal­ky ba­şar­ny­gy­ny gaý­ta­lap, ýe­ne-de 2-nji ýe­ri eýe­le­ýär.
Çem­pio­nat­da­ky 6 du­şu­şyk hem Se­ul­da­ky “Hýo­çan” sta­dio­nyn­da oý­nal­ýar. 150 müň tö­we­re­gi to­ma­şa­çy­nyň gat­na­şan du­şu­şyk­la­ryn­da der­we­ze­le­re 19 gol gi­ri­zil­ip (or­ta­ça 3,17 gol), şol gol­la­ryň 4-si­ni ge­çi­ren Ço Ýun-ok çem­pio­na­tyň iň ne­ti­je­li fut­bol­çy­sy bol­ýar. Çem­pio­nat­da je­mi 13 fut­bol­çy ta­pa­wut­lan­ýar.