30-njy sent­ýabr – 5-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dy­myz Azi­ýa – Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň (Asia-Pacific Broadcas­ting Union – ABU) no­bat­da­ky 55-nji mej­li­si­niň çä­gin­de ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň guralýan ýerine öwrüldi. Azi­ýa – Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi üçin ýur­du­my­zyň saý­la­nyp alyn­ma­gy — mu­nuň özi pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dö­re­di­ji­li­giň ne­ti­je­li da­şa­ry stra­te­gi­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň bar­ha art­ýan ab­ra­ýy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Bel­li bol­şy ýa­ly, ABU 1964-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň 73 ýur­du­nyň te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 279-sy onuň ag­za­sy bo­lup dur­ýar. Gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň tä­ze­lik­le­ri, yl­my-akyl ýe­ti­ri­ji we sport ýaý­lym­la­ry 3 mil­liard to­ma­şa­çy­ny öz ge­ri­mi­ne al­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti 2012-nji ýy­lyň ap­re­lin­den bä­ri bu iri hal­ka­ra gu­ra­ma­­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy­dyr.
Türk­men te­le­wi­de­ni­ýe­si­niň we­kil­le­ri bu dü­zü­miň hal­ka­ra fo­rum­la­ry­na yzy­gi­der­li gat­naş­ýar­lar, “Türk­me­nis­tan Sport” te­le­ýaý­ly­my bol­sa hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny alyp gör­kez­mek ul­ga­myn­da da­şa­ry ýurt­ly kom­pa­ni­ýa­lar bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy ama­la aşyr­ýar. Azi­ýa – Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň sport to­pa­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­giň , ýur­du­my­zyň sport te­le­ýaý­ly­my­nyň gö­ni ýaý­ly­myn­da bir­nä­çe hal­ka­ra sport bäs­le­şik­le­ri­ni alyp gör­kez­mek ýo­la go­ýul­dy.
ABU-nyň 55-nji mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin türk­men paý­tag­ty­na dün­ýä­niň res­mi we­ki­li­ýet­le­ri, dür­li ýurt­la­ryň te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, wo­ka­list­ler gel­di­ler. Paý­tag­ty­my­zyň gör­kü­ne görk goş­ýan “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da bu iri hal­ka­ra ýaý­lym­lar gu­ra­ma­sy­nyň ko­mi­tet­le­ri­niň mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. Bu ýer­de dür­li ugur­lar bo­ýun­ça, şol san­da “Sport” ra­dio­gep­le­şik­le­ri, mak­sat­na­ma­laş­dyr­mak we stra­te­gi­ýa­laş­dyr­mak, şeý­le hem teh­ni­ki to­par bo­ýun­ça iş to­par­la­ry­nyň mej­lis­le­ri gu­ral­dy.
ABU-nyň mej­li­si­niň çäk­le­rin­de Azi­ýa – Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň du­şu­şy­gy, ze­nan­lar fo­ru­my, do­lan­dy­ry­jy­la­ryň okuw mas­la­ha­ty, VII aý­dym fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di.
4-nji okt­ýabr­da Azi­ýa – Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 55-nji mej­li­si ge­çi­ri­lip, on­daky mas­la­hat­la­ryň jem­le­ri jem­le­nil­di we gel­jek­ki dö­wür üçin ugur­lar kes­git­le­nil­di.
Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar paý­tag­ty­myz­da­ky mu­zeý­le­re, “Nu­saý” Döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­na, şeý­le hem Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na ba­ryp gör­dü­ler.
Türk­men paý­tag­tyn­da ABU-nyň we­kil­çi­lik­li fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler ul­ga­myn­da ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny we öza­ra peý­da­ly tej­ri­be alyş­ma­gy ös­dür­mä­ge, gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga, öň­de­ba­ry­jy mag­lu­mat ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ýaý­rat­ma­ga gö­nük­di­ri­ldi, şeý­le hem Azi­ýa – Ýu­waş um­man te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler bir­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da has iş­jeň gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Aknur WELSAPAROWA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.