Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz 735 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda degişli Permana gol çekdi.
Dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýokary harby okuw mekdepleriniň talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Soňky ýyllarda biziň asuda gülläp ösýän Watanymyz dogduk mesgenlerini dürli sebäplere görä terk etmeli bolan ençeme adamlaryň ikinji öýlerine öwrüldi.
Bu ýerde anyk mysal hökmünde 2011-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli döwürde milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna 8145 adamyň kabul edilendigini görkezmek bolar.
Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm düzümleriniň biri bolup, onda jemgyýetiň we döwletiň baş baýlygy adam diýlip, yglan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli kanunçylygyň hem-de umumy kabul edilen halkara kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär.
Türkmenistan halkara ynsanperwer guramalary bilen ýakyn gatnaşyklary amala aşyrýar. 1995-nji ýyldan bäri ýurdumyzda BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň wekilhanasy işleýär. 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň hemişelik agzasy bolup durýar.
Gülälek ROZYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň mugallymy.