Şu ýylyň 18-nji sentýabrynda resmi taýdan öz işine başlan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň çäklerinde soňky bir hepdäniň dowamynda ýokary derejede duşuşyklar geçirildi. 7 günüň dowamynda BMG-ä agza 193 ýurduň ählisiniň wekilleri çykyş etdi. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy Mariýa Fernando Espinosa habar berdi. Ol öz çykyşynda umumy mejlise ähli ýurduň wekilleriniň uly gyzyklanma bildirendigini belläp, munuň Baş Assambleýanyň, umuman BMG-niň umumadamzat meseleleriniň çözülmeginde işjeň orun tutýandygynyň subutnamasy bolandygyny nygtady. Şeýle hem ol Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisiniň ýaňy başlanandygyny we öňde edilmeli işleriň köpdügini aýtdy.
Ol sentýabr aýynyň örän möhüm wakalara baý bolandygyny belläp, BMG-niň baş münberinden 77 ýurduň Prezidentiniň, 5 ýurduň wise-prezidentiniň, 44 ýurduň Premýer-ministriniň, 4 ýurduň wise-premýeriniň, 54 ýurduň ministriniň, 1 ýurduň ministriniň orunbasarynyň we 8 ýurduň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyş edendigini uly buýsanç bilen mälim etdi. 18-30-njy sentýabr aralygynda 429 çäre geçirildi. Baş Assambleýanyň çäklerinde inçekeseli ýok etmek we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça 2 sany syýasy jarnama kabul edildi.
Maksat IŞANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.