Soň­ky ýyl­lar­da ýo­ka­ry dep­gin­de ös­ýän sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Pu­dak­da san­la­ýyn teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­lan­mak ba­bat­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Zu­rab Po­lo­li­kaş­wi­li san­la­ýyn iş­läp düz­me­le­riň pu­da­gyň ösü­şi­ne öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my tu­tuş dün­ýä­de ýo­ka­ry dep­gin­de ös­ýän yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. 1950-nji ýyl­lar­da bir ýyl­da dün­ýä­ni aý­lan­ýan ja­han­keş­de­le­riň sa­ny 25 mil­li­on ada­ma deň bo­lan bol­sa, hä­zir­ki wagt­da bu gör­ke­zi­ji 1,3 mil­li­ar­da go­laý­la­dy. Bu pu­da­gyň tu­tuş dün­ýä­niň je­mi içer­ki önüm­dä­ki pa­ýy 10 gö­te­ri­me ba­ra­bar­dyr. Tä­ze iş orun­la­ry­nyň on­dan bi­ri bu pu­dak­da dö­re­dil­ýär. 2030-njy ýy­la çen­li sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň do­la­ny­şy­gy her ýyl 3 gö­te­rim­den kö­pe­ler.

Gurbangeldi GELDIÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň talyby.