Merkezi edarasy Londonda ýerleşýän “Times Higher Education” (THE) žurnaly dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny ýaýratdy. Şeýle sanawy yzygiderli taýýarlaýan neşir ylmy barlaglary, halkara derejesinde geçirilen işlere gatnaşygy, innowasiýa, okuw üçin döredilen şertleri we geçen ýylky sanawdaky ornuny göz öňünde tutýar. Angliýadaky Oksford uniwersiteti yzly-yzyna üçünji gezek sanawda birinji orny eýeledi. Ikinji ýere şol ýurtdan Kembrij, üçünji orna bolsa, ABŞ-dan Standford uniwersitetleri mynasyp boldy. Bulardan başga-da, sanawyň ilkinji onlugynda Massaçusets tehnologiýa instituty (ABŞ), Kaliforniýa tehnologiýa instituty (ABŞ), Garward uniwersiteti (ABŞ), Prinston uniwersiteti (ABŞ), Ýel uniwersiteti (ABŞ), Londonyň Imperial kolleji we Çikago uniwersiteti (ABŞ) bar. Yragyň abraýly ýokary okuw mekdebi Bagdat uniwersiteti hem sanawda ilkinji gezek özüne mynasyp orun aldy. Sanawda, esasan hem, ABŞ, Ýaponiýa, Angliýa we Hytaý ýaly döwletleriň ýokary okuw mekdepleri has köp agdyklyk edýär.
Ýeňiş MAMMOWOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.