Basketbol bo­ýun­ça Is­pa­ni­ýa­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len 18-nji Dün­ýä Ku­bo­gyn­da soň­ky 2 ýa­ryş­da bol­şy ýa­ly, ýe­ne-de ABŞ-nyň ýy­gyn­dy­sy ýe­ňiş ga­zan­dy. Ame­ri­ka­ly gyz­lar fi­nal­da Awst­ra­liýa­nyň mil­li to­pa­ry­ny 73:56 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şy­gyň 1-nji – 2-nji çär­ýe­gin­de 20:15 hem-de 15:12 ha­sap­lar bi­len öňe saý­la­nan ABŞ-ly gyz­lar, aý­ra­ty­nam, 3-nji çär­ýek­de ara­ta­pa­wu­dy ep-es­li aç­ma­gy ba­şar­dy­lar. Ne­ti­je­de, 73:56 ýe­ňiş ga­za­nan ABŞ yz­ly-yzy­na 3-nji, ta­ry­hyn­da­ky 10-njy çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Du­şu­şyk­da ame­ri­ka­ly Britt­neý Gri­ner 15 utuk ge­çi­rip, to­pa­ry­nyň ýeň­şi­ne sal­dam­ly go­şant goş­dy.
3-nji ýer ug­run­da­ky oýun­da Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Bel­gi­ýa­dan 67:60 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, 2010-njy ýyl­dan soň, 2-nji sa­par bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy.
Çem­pio­na­tyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy baý­ra­gy­na-da ame­ri­ka­ly Brean­na Stýu­wart la­ýyk gö­rül­di. Şol bir­wag­tyň özün­de-de Stýu­wart we to­par­da­şy Dia­na Tau­ra­si, is­pa­ni­ýa­ly As­tu Ndor, bel­gi­ýa­ly Em­ma Me­es­se­man, awst­ra­li­ýa­ly Liz Kem­beýj çem­pio­na­tyň sim­wo­lik ýy­gyndy­sy­na saý­lan­dy.
Il­kin­ji ge­zek 1953-nji ýyl­da ge­çi­ri­len bu ýa­ryş­da hä­zir­ki gü­ne çen­li ABŞ-nyň ýy­gyn­dy­sy 10 çem­pi­on­lyk ga­za­nyp, öň­de­li­gi­ni do­wam et­dir­ýär (1953, 1957, 1979, 1986, 1990, 1998, 2002, 2010, 2014, 2018). Ozal­ky SSSR-iň ýy­gyn­dy­sy-da 1960–70-nji ýyl­lar­da 5, umu­my­lyk­da-da 6 çem­pi­on­lyk (1959, 1964, 1967, 1971, 1975, 1983) bi­len 2-nji ýe­ri eýe­le­ýär. Bra­zi­li­ýa (1994) bi­len Awst­ra­li­ýa­nyň (2006) 1 çem­pi­on­ly­gy bar.