Formula 1 Dünýä çempionatynda möwsümiň 16-njy ýaryşy Russiýanyň Soçi şäherinde geçirildi. Şäheriň adyny göterýän 5848 kilometrlik trassadaky ýaryşda “Mercedes” toparynyň fin sürüjisi Waltteri Bottas ilkinji hatardan bat aldy. Ilkinji aýlawlarda sürüjiler orunlaryny saklamagy başardy. 8-nji aýlawda 19-njy bolup ýaryşa goşulan “Red Bulluň” golland sürüjisi Maks Werstappen 5-nji orna geçdi. Öňdäki 4 sürüjiden — Bottas, Hamilton, Wettel hem-de Raikkonenden üýtgeşiklikde giç pit-stop etdi. Ady agzalan 4 sürüji ilkinji pit-stoplaryny 19-njy aýlawda tamamladylar. Şol pursatda-da Werstappen 1-nji orna geçdi. 26-njy aýlawda F1-iň taryhynda az hem bolsa, duş gelinýän wakalaryň biri bolup geçdi. Ýagny “Mercedes” toparynyň ýolbaşçylary 2-nji hatardan barýan Waltteri Bottasa ornuny 3-nji ýerdäki Lewis Hamiltona bermegi tabşyrdy. Şondan soň, çempionlygyň esasy dalaşgäri Hamilton 2-nji orna geçdi. Ýaryşyň 43-nji aýlawynda-da 1-nji hatarda barýan Werstappen pit-stopdan soň, 5-nji orna düşdi. 1-nji ýere geçen Hamilton galan aýlawlarda-da ornuny saklamagy başardy. Şeýlelikde, Hamilton 53 aýlawy 1 sagat 27 minut 25,181 sekuntda tamamlap, şu ýylky 8-nji, karýerasyndaky 70-nji ýeňşini gazandy. Waltteri Bottas 2-nji, “Ferrari” toparynyň sürüjileri Sebastian Wettel 3-nji, Kimi Raikkonen 4-nji ýeri eýeledi.
F1-de tamamlanan 16-njy “Gran Priden” soň, 306 utuk toplan Hamilton 1-nji orunda barýar. Möwsümiň tamamlanmagyna 5 ýaryş galanda, ol 2-nji basgançakdaky Wettel (256 utuk) bilen utuk aratapawudyny 50-ä ýetirdi. 3-nji hatardaky Bottasyň 189 utugy bar. Ondan 3 utugy az Raikkonen 4-nji, 158 utukly Werstappen 5-nji ýerde barýar. Toparlaryň ýaryşynda-da “Mercedes” 495 utuk bilen sanawyň başyny çekýär. “Ferrari” 16 ýaryşda 442 utuk toplady. Möwsümiň 17-nji “Gran Prisi” 7-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Suzuka şäherinde geçiriler.