UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da (1992-nji ýyl­dan bä­ri) soň­ky oýun­la­ra çen­li 8009 gol ge­çi­ril­di. 8000-nji go­ly mun­dan 2 gün ozal, “At­le­ti­ko”–“K.Brýug­ge” du­şu­şy­gyn­da is­pan to­pa­ry­nyň fran­suz hü­jüm­çi­si An­tu­an Griz­mann öz ady­na ýaz­dyr­dy. Bu gör­ke­zi­jä ýet­mek üçin 26 ýyl ge­rek bol­dy. Bäs­le­şigň il­kin­ji go­ly­ny 1992-nji ýy­lyň 25-nji no­ýab­ryn­da “Klub Brýug­ge­niň” ni­ge­ri­ýa­ly meş­hur hü­jüm­çi­si Da­ni­el Amo­ka­çi der­we­zä gi­ri­zip­di. Ol şon­da to­pa­ry­nyň SSKA (Mosk­wa) bi­len bo­lan du­şu­şy­gy­nyň 17-nji mi­nu­tyn­da ta­pa­wut­la­nyp­dy. Ýa­ry­şyň 1000-nji go­ly 6 ýyl­dan soň, ha­sa­ba al­nyp, ony PSW-de oý­na­ýan döw­rün­de rus­si­ýa­ly Dmit­riý Hoh­low der­we­zä gi­riz­di (PSW –“Ben­fi­ka”). 5000-nji pök­gi­ni-de “Ben­fi­ka­nyň” bra­zi­li­ýa­ly go­rag­çy­sy Lui­sao 2010-njy ýyl­da to­pa­ry­nyň “Ha­po­el” (T. Awiw) bi­len ge­çi­ren oý­nun­da der­we­zä ýol­lap­dy. Şu wag­ta çen­li 140 klu­buň çy­kyş eden Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň 7000-nji go­ly­ny 1-nji gol­dan la­ýyk 23 ýyl soň, 2015-nji ýy­lyň 25-nji no­ýab­ryn­da PSŽ-li An­hel Di Ma­ri­ýa şwed­le­riň “Mal­mö” to­pa­ry­nyň to­run­dan gi­riz­di. Umu­man al­nan­da, 1000-nji gol üçin 6 ýyl ga­ra­şy­lan hem bol­sa, soň­ky 1000-lik­ler üçin or­ta­ça 3 ýyl ge­rek bol­dy. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da her 3 ýyl­da 1000 tö­we­re­gi gol ge­çi­ril­ýär.