Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sporty täze derejelere göterildi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de türkmen türgenlerine görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen döwleti dünýäniň iri sport ýurdy hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi. Muňa soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli geçirilýän halkara ýaryşlar hem-de türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda görkezýän uly üstünlikleri aýdyň subutnamadyr.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2017-nji ýy­lyň tyl­la güý­zün­de Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty Aş­ga­bat dün­ýä ýü­zün­de iri sport ýur­du­nyň paý­tag­ty hök­mün­de giň­den ta­nal­dy. Paý­tag­ty­myz­daky se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýa­kyn­dan gol­daw ber­me­gin­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ril­di. Yk­ly­myň iri sport ýa­ry­şy Türk­me­nis­ta­nyň hem-de türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny bü­tin äle­me jar et­di. Bu ýa­ryş türk­men spor­tun­da üs­tün­lik­li döw­rüň baş­la­nan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy bol­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň sa­ýa­syn­da üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da-da iri we hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport ýa­ryş­la­ry giň ge­rim­de do­wam et­di­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­na ýaň sa­lan “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si uly üs­tün­lik­le­re bes­len­di. Sent­ýabr aýy­nyň 9–15-i ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len bu hal­ka­ra ýa­ry­şy ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň aw­to­mo­bil spor­tu­ny sö­ýü­ji­le­ri­niň we muş­dak­la­ry­nyň kal­byn­da mü­di­mi­lik orun al­dy.
In­di bol­sa, no­bat agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gel­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da ABŞ-nyň Ana­haým şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň mej­li­sin­den hoş ha­bar ge­lip gow­şup­dy. Şon­da 2018-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça no­bat­da­ky Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek­di­gi yg­lan edil­di. Bu çöz­gü­diň ka­bul edi­len­di­gi my­na­sy­bet­li hoş ha­ba­ryň ge­lip go­wuş­ma­gy äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­zy buý­san­dyr­dy.
Şon­dan soň­ra bu hal­ka­ra ýa­ry­şy ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­mak üçin hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne gi­ri­şil­di. Mil­li Li­de­ri­miz hal­ka­ra ýa­ry­şyň taý­ýar­lyk iş­le­ri bi­len yzy­gi­der­li gy­zyk­la­nyp, bu ba­bat­da ýö­ri­te mas­la­hat­lar ge­çir­di. Go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut özi paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­ne ba­ryp, bu ýer­de agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­na taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň bar­şy, hu­su­san-da, sport des­ga­la­ry­nyň be­ze­li­şi hem-de ola­ryň ula­ny­ly­şy bi­len, Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň des­ga­la­ryn­da — dün­ýä bi­rin­ji­li­gi­niň esa­sy çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­jek ýe­rin­de tür­gen­ler üçin şert­le­riň dö­re­di­li­şi we ýa­ryş­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mize Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň sport, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ylym-bi­lim ul­ga­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry P. Aga­my­ra­dow­dan, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş. Dur­dy­ly­ýew­den, sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nist­ri D. Gul­gel­di­ýew­den hal­ka­ra ýa­ry­şa taý­ýar­lyk gör­mek ba­bat­da edi­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat berdiler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz on­lar­ça ýurt­lar­dan tür­gen­le­riň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän iri möç­ber­li ýa­ryş­la­ry ýy­gy-ýy­gy­dan ka­bul ed­ýän ýur­du­myz­da sport he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar, mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm hal­ka­ra sport mer­ke­zi hök­mün­de de­re­je­si­niň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da aý­ra­tyn mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty ýa­kyn­laş­dy­gy­ça, mil­li Li­de­ri­miz bu iri ýa­ryş­la­ra gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne, şol san­da Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň des­ga­la­ry­nyň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy­na has iç­gin üns ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň des­ga­la­ry­nyň bu iri ýa­ryş­la­ra taý­ýar­lyk de­re­je­si bi­len ta­nyş­ly­gy­ny tür­gen­ler üçin na­har­ha­na ba­ryp gör­mek­den baş­la­dy.
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş. Dur­dy­ly­ýew mil­li Li­de­ri­mi­ze Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­ýan tür­gen­leriň, tä­lim­çi­leriň we beý­le­ki myh­man­laryň sag­dyn iý­mit­len­megi üçin dö­re­dil­ýän şert­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Myh­man­la­ra türk­men aş­pez­lik däp-des­sur­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga-da müm­kin­çi­lik dö­re­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz agyr at­le­ti­ka­çy­la­ryň ýe­ňil bol­ma­dyk be­den taý­dan tür­gen­le­şik­le­ri­niň aý­ra­tyn iý­mit­len­me­gi ta­lap ed­ýän­di­gi­ni, onuň spor­tuň şu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ra bil­di­ril­ýän ýo­ka­ry ta­lap­la­ra la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Şeý­le iý­mit­ler tür­gen­le­şik wag­tyn­da ada­myň sarp ed­ýän güý­jü­niň öwe­zi­ni dol­mak bi­len çäk­len­män, ýo­kum­ly dü­züm­le­riň, wi­ta­min­le­riň we mi­ne­ral­la­ryň be­den üçin ze­rur bo­lan muk­da­ry­ny üp­jün et­me­li­dir.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň mej­lis­ler za­ly­na bar­dy. Bu ýer­de du­şu­şyk­la­ryň, mas­la­hat­la­ryň ge­çi­ril­me­gi, tä­lim­çi­le­riň öza­ra pi­kir alyş­ma­gy ýa-da emin­ler to­par­la­ry­nyň bäs­le­şik­le­riň kä­bir pur­sat­la­ry­ny anyk­la­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­di­lip­dir. Ýa­ryş­la­ryň bel­li bir pur­sat­la­ry­na gaý­ta­dan se­ret­mek üçin mo­ni­tor­lar gur­na­lyp­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu za­lyň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy bi­len gy­zyk­la­nyp, onuň işi­ni gu­ra­mak bo­ýun­ça bir­nä­çe mas­la­hat­la­ry ber­di, wi­deo se­riş­de­ler ar­ka­ly mag­lu­mat­la­ry anyk­la­mak üçin mo­ni­to­ryň iş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hut özi bar­lap gör­di.
Mil­li Li­de­ri­miz agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň gu­ral­jak, 15 müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen Spor­tuň oýun gör­nüş­le­riniň top­lu­my­na bar­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len tan­şyp, iri sport baý­ram­çy­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan da­ba­ra­la­ryň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­li­di­gi­ni bel­läp, bu ba­bat­da äh­li ze­rur çä­re­le­riň gö­rül­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­my­na bar­dy. Top­lum­da çem­pio­na­tyň esa­sy ýa­ryş­la­ry ge­çi­ri­ler. Bu ýer­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na top­lu­my be­ze­me­giň tas­la­ma­la­ry we çyz­gy­la­ry hö­dür­le­nil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz olar bi­len iç­gin tan­şyp, be­zeg bo­ýun­ça bir­nä­çe bel­lik­le­ri aýt­dy hem-de de­giş­li dü­ze­diş­le­ri gi­riz­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sport top­lu­my­nyň daş­ky be­ze­gi, ma­ha­bat­lan­dy­ryş ban­ner­le­ri, dün­ýä bi­rin­ji­li­gi­niň ny­şan­la­ry, We­pa­ly at­ly ala­ba­ýyň heý­kel­ji­gi ba­ra­da aý­dyp, türk­men ala­ba­ýy­nyň äh­li dö­wür­ler­de ada­my­ň we­pa­ly dos­ty we kö­mek­çi­si bo­lan­dy­gy­nyň, şo­nuň üçin hem We­pa­ly­nyň ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän iri ýa­ryş­la­ryň ny­şa­ny bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­läp, ala­ba­ýyň şe­kil­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­me­gi tab­şyr­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak­da, Türk­me­nis­ta­nyň sport ul­ga­myn­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni wa­gyz et­mek­de, halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar.
Şeý­le hem Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti du­şu­şyk­la­ra to­ma­şa et­mä­ge hu­kuk ber­ýän bi­let­le­riň sa­tu­wy­na ba­dal­ga ber­di. Gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän ha­bar­da aý­dy­ly­şy ýa­ly, agyr at­le­ti­ka spor­tu­nyň muş­dak­la­ry bi­let­le­ri paý­tag­ty­myz­da­ky “Ber­ka­rar” söw­da-dynç alyş mer­ke­zin­de, “Aş­ga­bat” me­de­ni-dynç alyş se­ýil­gä­hin­de we Ku­ly Şa­my­ra­dow adyn­da­ky se­ýil­gäh­de dö­re­di­len sa­tuw no­kat­la­ryn­dan sa­tyn alyp bi­ler­ler.
Bi­let­le­riň ba­ha­sy 7 ma­nat­dan 10 ma­na­da çen­li üýt­ge­ýär. Ýag­ny, gü­nüň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da­ky ýa­ryş­la­ra to­ma­şa et­mek­li­giň ba­ha­sy 7, ikin­ji ýa­ry­myn­da­ky ýa­ryş­lar üçin bi­let­ler 10 ma­nat­dan bo­lar. Çün­ki gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da dür­li ag­ram de­re­je­le­ri bo­ýun­ça ýa­rym fi­nal we fi­nal tu­t­lu­şyk­la­ry ge­çi­ri­lip, to­ma­şa­çy­lar Dün­ýä çem­pi­on­la­ry­ny hut ýa­ry­şyň geç­ýän ýe­rin­de syn­la­mak müm­kin­çi­li­gi­ni alar­lar.