2018-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde täze döwrebap obalaryň hem-de Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz aýdyň beýanyny tapan durmuş ugurly syýasatyň rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar netijesinde obalaryň we şäherleriň keşbi düýpgöter özgerýär, köp sanly dürli maksatly desgalar bina edilýär.
Häzirki täze döwrebap obalaryň düýbüniň tutulyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň tabşyrygy boýunça dabaralara milli parlamentiň deputaty Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda deputatlaryň topary gatnaşdy.
Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde her biriniň meýdany 108 gektara barabar bolan iki sany iri ýaşaýyş toplumy gurlar. Olaryň her birinde 400 öýi, 640 orunlyk orta mekdepleri, Saglyk öýlerini, 320 orunlyk çagalar baglaryny, şeýle hem dolandyryş binalaryny we söwda merkezlerini gurmak meýilleşdirilýär. Döwrebap obalardaky öýleriň 100-si bäş otagly, 200-si dört otagly hem-de ýene 100-si üç otaglydyr. Olaryň taslamasy düzülende obalylaryň ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklary göz öňünde tutuldy. Her oba 2 müň adamyň ýaşamagyna niýetlenendir.
Günüň şanly wakalarynyň ýene-de biri Bäherdende çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüniň tutulmagy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çeper halyçylyk kärhanasynyň gurulmagy bu ýerde 150 sany täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer. Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň ýylda 600 inedördül metrden 1650 inedördül metre çenli haly we haly önümlerini çykarmaga niýetlenen kärhanasy içerki bazarlarda bu önüme bolan ägirt uly islegleri kanagatlandyrmaga, onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara ibermäge şert döreder.
Parlamentarileriň adyndan çykyş eden deputat Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar we düýpli özgertmeler bilen bir hatarda ýakyn geljekde badalga berlen taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Ahal welaýatynyň ykdysadyýetini has ýokary derejä galdyrmaga, halkyň durmuş üpjünçiligini düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Daýanç RYZAKULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.