Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi.
Mälim bolşy ýaly, täze energiýa köprüsiniň binýadynyň düýbüniň tutulyş dabarasy Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda şu ýylyň fewral aýynda geçirilipdi. Iki ýurduň degişli ministrlikleriniň arasyndaky duşuşykda gönüden-göni serhetdeş döwletleriň çäkleri boýunça transmilli energetika ulgamyny çekmek bilen baglanyşykly meseleler ylalaşyldy.
Hususan-da, ylalaşykda täze elektrik geçiriji ulgam boýunça Owganystana – Hyrada we Gandagara, hersine 300 megawat (jemi 600 megawat) iberiljek elektrik energiýanyň möçberleri kesgitlenildi. Geljekde olaryň möçberini 1 müň megawata çenli artdyrmak maksat edinilýär.
Hökümetiň hem-de ähli owgan halkynyň adyndan goňşy ýurda berilýän hemmetaraplaýyn kömek we hakyky goldaw üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirildi. Oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirip, Türkmenistan Owganystan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, goňşy döwletde parahatçylygyň we ylalaşygyň pugta berkarar bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär.
Soňky onýyllyklarda ykbalyna ençeme synaglar düşen doganlyk owgan halkyna onuň parahatçylyga, agzybirlige we ylalaşyga bolan ymtylmalarynda raýdaşlygyny beýan edip, Türkmenistan goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine gönükdirilen anyk ädimleri ädýär. Muňa mysal hökmünde, köp ýyllaryň dowamynda ýeňillikli bahalar boýunça elektrik energiýanyň we suwuklandyrylan gazyň iberilmeginiň amala aşyrylmagyny, dostlukly döwletiň energetika düzüminiň uly bölegine öwrülen Ymamnazar – Andhoý hem-de Serhetabat – Hyrat elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny görkezip bolar.
Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda gol çekilen ylalaşyk hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň iri möçberli taslamasynyň gurluşygyny amala aşyrmakda täze tapgyry alamatlandyryp, iki doganlyk döwletleriň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna, olaryň netijeli hyzmatdaşlyk etmegine ýardam berer.