Soň­ky ýyl­lar­da köp san­ly iri mas­la­hat­lar­dyr fo­rum­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rü­len paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da bu ge­zek ara­gat­na­şyk, ha­bar be­riş til­si­mat­la­ry­ny we te­le­ýaý­ra­dyş en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da iri hal­ka­ra ser­gi we mas­la­hat ge­çi­ril­di. Köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da yzy­gi­der­li ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän Te­lea­ra­gat­na­şyk, te­le­met­ri­ýa, ha­bar be­riş til­si­mat­la­ry­nyň we te­le­ýaý­ra­dyş en­jam­la­ry­nyň “Türk­men­tel – 2018” at­ly ХI hal­ka­ra ser­gi­si we mas­la­ha­ty 20-den gow­rak ýur­duň we­ki­li­ýe­ti­ni Aş­ga­bat­da jem­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­ýän iri pu­dak­la­ýyn fo­rum Ara­gat­na­şyk mi­nistr­li­gi we Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan gu­ral­dy. Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi mer­ke­zin­de “Türk­men­tel – 2018” hal­ka­ra fo­ru­my­nyň da­ba­ra­ly açy­ly­şy­na hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­li­giň we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. Ýur­du­my­zyň ara­gat­na­şyk pu­da­gy­nyň kuw­wa­ty­ny yzy­gi­der­li art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len hem-de 2018–2024-nji ýyl­lar üçin ýur­du­my­zyň kos­mos ul­ga­my­ny ös­dür­mek, ra­ýat­la­ry­my­za ýo­ka­ry hil­li we el­ýe­ter­li ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­mek bo­ýun­ça iş­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan uly möç­ber­de ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri goý­be­ril­ýär diý­lip, mil­li Li­de­ri­mi­ziň Gut­la­gyn­da aý­dyl­ýar.

Bu bol­sa, ýur­du­my­zyň hä­zir­ki za­man ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan üz­ňe bol­man, dö­wür bi­len aýak­daş git­me­gi­ne, in­ter­net hyz­ma­ty­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na uly müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Ser­gi­de bu ul­gam­da uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny we tas­la­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän ýur­du­my­zyň ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň kär­ha­na­la­ry­nyň we ola­ryň da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ry­nyň, şeý­le hem türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň di­war­lyk­la­ry­nyň 80-e go­la­ýy gör­ke­zil­di.
Ser­gä da­şa­ry ýurt­ly gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da ýur­du­myz­da öň­den bä­ri hyz­mat­daş­lyk ed­ýän, ara­gat­na­şy­gyň we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ba­zar­la­ryn­da öň­de­ba­ry­jy­lar bo­lan “Tha­les Ale­nia Spaсe”, “No­kia”, “Huawei”, “Sam­sung”, “Her­mes Da­ta Сom­mu­niсations In­ter­na­tio­nal Ltd”, “Hikvision”, ”Spaсe Sys­tems In­ter­na­tio­nal Mo­naсo” we beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar bar.
Ser­gi­de hä­zir­ki za­man wi­deoen­jam­la­ry, uly mo­ni­tor­ly ser­gi di­war­lyk­la­ry, yşyk­ly ban­ner­ler we pan­no­lar, san­ly ra­dio we te­le­ýaý­lym­lar, hem­ra, mo­bil we elekt­ron ara­gat­na­şy­gy, ses se­riş­de­le­ri, wi­deo­ýaz­gy­lar we gö­zeg­çi­lik ul­ga­myn­da­ky köp san­ly tä­ze­çil nus­ga­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan giň pa­wil­ýon­lar köp­çü­li­ge hö­dür­len­di.
Myh­man­la­ra we ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra Ara­gat­na­şyk mi­nistr­li­gi­niň, “Al­tyn asyr” öý­jük­li ara­gat­na­şyk kär­ha­na­sy­nyň, “Türk­men­poç­ta­nyň” bö­lüm­le­ri­niň di­war­lyk­la­ryn­da öý­jük­li ara­gat­na­şyk se­riş­de­le­ri, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­nyň bin­ýa­dyn­da mag­lu­mat­la­ry elekt­ron ge­çi­ri­ji­ler, mil­li te­le we ra­dio­ýaý­lym­la­ry ýo­ka­ry hil­li ýaý­mak we üp­jün et­mek, ýur­du­myz we da­şa­ry ýurt­lar bo­ýun­ça çalt­lan­dy­ry­lan poç­ta ýol­la­ma­la­ry ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­la­ry ha­kyn­da mag­lu­mat al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di.
Şeý­le hem Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň mas­la­hat­lar za­lyn­da pu­da­gy ös­dür­me­giň hem-de äh­li gy­zyk­lan­ýan hyz­mat­daş­lar bi­len mun­dan beý­läk-de ne­ti­je­li we iş­jeň gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ma­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra yl­my mas­la­hat hem ge­çi­ril­di.
Mun­dan baş­ga-da, paý­tag­ty­myz­da Ara­gat­na­şyk bo­ýun­ça Se­bit Ar­ka­la­şy­gy­nyň (ASA) ad­mi­nist­ra­si­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­lar ge­ňe­şi­niň 53-nji bi­le­lik­dä­ki mej­li­si hem-de Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na ag­za ýurt­la­ryň ASA-nyň ýa­nyn­da­ky mag­lu­mat bo­ýun­ça ut­gaş­dy­ry­jy ge­ňe­şi­niň 24-nji mej­li­si hem ge­çi­ril­di. Bu fo­rum­la­ryň ýur­du­myz­da ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge açyk­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy.

Nurbibi TAGANOWA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mugallymy.