Dünýäniň iň uzak hem-de köp sagatlyk uçuşy amala aşyryldy. Bu uçar gatnawy raýat awiasiýasy ulgamynda täze üstünlik hasap edildi. Singapurdan asmana galan “Airbus-350-900ULR” kysymly uçar ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine gondy. Uçuş wagty 17 sagat 25 minut dowam edip, 16 müň 700 kilometrlik menzil aşyldy. Singapuryň howaýollary kompaniýasynyň amala aşyran sapary raýat awiasiýasynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Uçaryň hiç hili gonmazdan uzak menzil aşmagy täze rekordyň goýulmagyna sebäp boldy.
Mundan ozalky rekord Katar bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky uçuş bolupdy. Kataryň howaýollary kompaniýasynyň uçary Täze Zelandiýanyň Oklend şäherinden Kataryň Doha şäherine çenli 17 sagat 40 minutlyk uçuşy amala aşyrypdy.
Nobatdaky uçuş Fransiýanyň dünýä belli “Airbus” awiagurluşyk kompaniýasynyň täze kysymly uçarynda amala aşyryldy. 161 ýolagça niýetlenen uçarda ýolagçylaryň köp sagatlyk uçuşy amala aşyrmagy üçin ähli amatlyklar döredildi. Singapuryň howaýollary kompaniýasynyň “SQ22/SIA22” kysymly uçary Nýu-Ýork şäheriniň howa menziline üstünlikli gondy. 2 uçarmanyň dolandyrýan uçarynda ýolagçylara 15 sany uçarbeletleri hyzmat etdi. Uçarbeletleriň ýolagçylara gowy hyzmat etmegi üçin olara 4 sagatlyk dynç alyş berildi. Ýolagçylaryň köp sagatlyk uçuşyň dowamynda wagtyny gyzykly geçirmegi üçin dürli aýdymdyr sazlaryň we filmleriň köp görnüşinden peýdalanmaga mümkinçilik berildi. Mundan başga-da, şeýle uçuşlarda ýolagçylaryň sagdyn iýmitlenmegi üçin hem şertler döredildi. Gazly we alkogolly içgileri köp içmekden saklanmak maslahat berildi.
“Airbus” kompaniýasynyň täze uçary iki sany güýçlendirilen hereketlendirijiden ybarat bolup, ol ozalkylara görä 25 göterim az ýangyç sarp edýär. Singapuryň kompaniýasy ýene-de 6 sany şu görnüşdäki uçary satyn almagy göz öňünde tutýar.