Dünýä belli fransuz neşiri “France Football” tarapyndan gowşurylýan iň abraýly futbol baýragy bolan “Altyn topuň” bu ýylky dalaşgärleri mälim edildi. Yglan edilen 30 futbolçynyň arasynda “Ballon d’Or” baýragyny 5 gezekden alan Lionel Messidir Kristiano Ronaldo hem bar. Bu ýylky ýekelikdäki esasy baýraklary çöplän “Real Madridiň” horwatiýaly oýunçysy Luka Modriç, “Liwerpulyň” müsürli ýyldyzy Mohamed Salah, PSŽ-niň ýyldyzlary Kilian Mbappe, Neýmar, “Çelsiden” Eden Hazard, “Atletikodan” Antuan Grizmann ýaly häzirki zaman futbolynyň ägirtleri-de sanawa alyndy. Bu ýyl žurnal “Trophee Kopa” hem-de “Ballon d’Or feminin” baýraklaryny hem gowşurar. Olaryň 1-njisi ýylyň tapawutlanan iň ýaş futbolçysyna, beýlekisi-de ýylyň iň ökde zenan futbolçysyna berler. 63-nji gezek gowşuryljak “Ballon d’Or” baýragynyň bu ýylky ýeňijisi 3-nji dekabrda mälim ediler.
Ilkinji gezek 1956-njy ýylda gowşurylan “Altyn top” baýragy 2007-2017-nji ýyllar aralygynda FIFA Dünýäde ýylyň futbolçysy baýragy bilen bileleşip, “FIFA Ballon d’Or” adyny alypdy. Baýrak 3 ýyldan bäri bolsa, ýene-de öňküsi ýaly diňe “France Football” žurnalynyň guramaçylygynda gowşurylýar.