Umuman, awtoulaglaryň howany hapalaýandygy barada eşidipdik, ýöne olaryň howany arassalaýandygy haýran galdyrsa gerek. Beýik Britaniýada howany arassalamakda jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanylyp başlandy. Ýurduň awtobus hyzmatlaryny hödürleýän “Go-Ahead” kompaniýasy awtobusyň täze görnüşini ulanmaga berdi. “Bluestar” kysymly awtobus diňe ýolagçylary gatnatmak wezipesini ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem howany arassalamaga hem kömek berer. Täze ulagyň ýokarysyna ýörite howany arassalaýjy enjam ýerleşdirildi. Ol howa we deňiz gämileri üçin howa arassalaýjy ulgamlary öndürýän “Pall Aerospace” kompaniýasynyň önümidir. Bu enjam awtobus hereket eden wagty ýokary galan tozany hem-de gurumy özüne çekýär. Şeýle enjamyň awtobusa ornaşdyrylmagynyň ýolagçylaryň saglygyna hiç hili oňaýsyz täsirini ýetirmeýändigi bellenilip geçilýär. Häzirki wagtda şeýle awtobuslar diňe ýurduň Sautgempton şäherinde hereket edýär. Geljekde kompaniýanyň ähli öndürýän awtobuslaryna şeýle enjamlary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.