Rus­si­ýa­da ra­ýat­la­ryň şah­sy­ýe­ti­ni kes­git­le­ýän res­mi­na­ma bo­lan pas­port­la­ryň tä­ze gör­nü­şi peý­da bo­lar. Ýurt­da elekt­ron pas­port­lar he­re­ket eder. Elekt­ron res­mi­na­ma ada­ty pas­port­dan ki­çi­räk we amat­ly bo­lar. Ýe­ne-de 2 ýyl­dan ýur­duň ra­ýat­la­ry bank kart­la­ry­nyň möç­be­rin­dä­ki elekt­ron pas­port­la­ry­na eýe bo­lar­lar. Plas­tik kart­da şah­sy­ýet­na­ma­nyň eýe­si­niň pas­port mag­lu­mat­la­ry, sü­rü­ji­lik şa­ha­dat­na­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry ýer­leş­di­ri­ler. Şeý­le hem tä­ze gör­nüş­dä­ki pas­port­da eýe­si­niň ýü­zü­niň skan edi­len su­ra­ty we bar­mak yzlary bo­lar.
– Biz edil fleş­ka ýer­leş­di­ri­li­şi ýa­ly, elekt­ron pas­por­ta-da iň köp muk­dar­da mag­lu­mat ýer­leş­dir­me­gi göz öňün­de tut­ýa­rys – di­ýip, Rus­si­ýa­nyň San­la­ýyn ösüş, ara­gat­na­şyk we köp­çü­lik­le­ýin kom­mu­ni­ka­si­ýa mi­nistr­li­gi­niň Stra­te­gik tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bö­lü­mi­niň baş­ly­gy And­reý Çer­nen­ko gür­rüň ber­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, pas­por­ty kes­git­le­nen ýo­ka­ry howp­suz­lyk de­re­je­sin­de taý­ýar­la­mak we on­da­ky mag­lu­mat­la­ry on­laýn gör­nüş­de peý­da­lan­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da elekt­ron pas­port ul­ga­my dün­ýä­niň köp ýur­dun­da giň­den ýaý­ra­p baş­la­dy.