Kanadanyň Makmaster uniwersitetiniň alymlarynyň süýt önümleri barada geçiren ylmy-barlaglarynyň netijesine görä, bir günde 3 gezek süýt önümlerini iýmekligiň ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga mümkinçilik berýändigi anyklandy. Muňa 35-70 ýaş aralygynda 136 müň meýletinçiniň gatnaşmagynda geçirilen barlaglar subutnama boldy. 9 ýylyň dowamynda alymlar meýletinçileriň saglyk ýagdaýy we iýmiti bilen gyzyklandy. Şol döwürde 8555 ýürek-damar keseli ýüze çykaryldy.
Süýt önümleriniň 1 gezekliginiň mukdary 244 gram bolan 1 bulgur süýde ýa-da ýogurda, 15 gram peýnire ýa-da 5 gram mesge ýagyna deňdir. Meýletinçiler süýt önümlerinden peýdalanmak derejesi boýunça 4 topara bölündi. Şonuň netijesinde, günde azyndan 3 gezek süýt önümlerinden peýdalanan meýletinçileriň saglyk ýagdaýynyň kadaly saklanandygy anyklandy. Süýt önümlerindäki amino kislotalar, doýgun däl ýag, K1 we K2 witaminler, kalsiý, magniý, kaliý ýaly peýdaly maddalar adamlaryň sagdyn bedenli bolmagyna öz täsirini ýetiripdir.