Formula 1 boýunça ýylyň 17-nji “Gran Prisi” Ýaponiýanyň Suzuka şäheriniň adybir trassasynda geçirildi. 5,8 kilometrlik trassadaky ýaryşa “Mercedes” toparynyň iňlis piloty Lewis Hamilton ilkinji hatardan başlady. Başdan-aýak liderligi özünde saklamagy başaran Hamilton 53 aýlawy 1 sagat 27 minut 17,062 sekuntda tamamlap, bassyr 4-nji, möwsümdäki 9-njy ýeňşini gazandy. Ol karýerasy boýunça-da 71-nji gezek münberiň çür depesine çykdy. Hamiltonyň topardaşy, finlýandiýaly Waltteri Bottas 12,9 sekuntlyk aratapawut bilen 2-nji ýere mynasyp boldy. “Red Bulluň” golland sürüjisi Maks Werstappeniň 3-nji bolan ýaryşynda onuň awstraliýaly topardaşy Daniel Rikkiardo 4-nji orny eýeledi. “Ferrari” toparynyň sürüjileri germaniýaly Sebastian Wettel bilen Kimi Raikkonen degişlilikde 5–6-njy ýerleri paýlaşdylar.
Bu ýeňişden soň, Wettelden 67 utuk öňe saýlanan Hamilton kem-kemden nobatdaky çempionlygyna golaýlaýar. Möwsümiň tamamlanmagyna 4 ýaryş galanda, Hamiltonyň 331, Wetteliň 264 utugy bar. Bottas 207 utuk bilen 3-nji basgançakda barýar. F1-de möwsümiň 18-nji ýaryşy 21-nji oktýabrda ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky Ostin şäherinde geçiriler.