Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da (WRC) möw­sü­miň 11-nji ýa­ry­şy bo­lan Uels “Gran Pri­sin­de” “M-Sport Ford” to­pa­ry­nyň fran­suz sü­rü­ji­si Se­bas­ti­an Ožie ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 23 tap­gyr­dan yba­rat 318,13 ki­lo­metr­lik ýa­ry­şy 3 sa­gat 6 mi­nut 12,5 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Bu onuň şu ýyl­ky 4-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 44-nji ýeň­şi­dir. Ožie­den 10,6 se­kunt yza ga­lan “Toyo­ta Ga­zoo” to­pa­ry­nyň fin pi­lo­ty Ýa­ri-Mat­ti Lat­wa­la 2-nji, ýe­ne şol to­par­yň baş­ga bir finl­ýan­di­ýa­ly sü­rü­ji­si Esa­pek­ka Lap­pi ýe­ňi­ji­den 35,1 se­kunt­lyk az ne­ti­je gör­ke­zip, 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Sa­na­wyň li­de­ri bel­gi­ýa­ly Ti­er­ri Noý­will (“Hy­un­dai”) 5-nji, mun­dan öň­ki 3 bäs­le­şik­de ýe­ňiş ga­za­nan Ott Ta­nak 19-njy or­na my­na­syp bol­dy. Şeý­le­lik­de, soňky 5 ýy­lyň çem­pio­ny Ožie sa­na­wyň öň­de­ba­ry­jy­sy Noý­will bi­len utuk ara­ta­pa­wu­dy­ny 7-ä dü­şür­di. Möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 ýa­ryş ga­lan­da, Noý­will 189, Ožie 185 utuk bi­len 1–2-nji ýer­ler­de bar­ýar­lar. Möw­sü­miň 12-nji ýa­ry­şy 25–28-nji okt­ýabr­da Is­pa­ni­ýa­da ge­çi­ri­ler.