Mo­to GP-de möw­sü­miň 15-nji bäs­le­şi­gi Tai­lan­dyň Bu­ri­ram Hal­ka­ra tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. Bu ýurt­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len “Gran Pri­de” 26 aý­la­wy 39 mi­nut 55,722 se­kunt­da ge­çen is­pa­ni­ýa­ly Mark Mar­kes (“Hon­da”) ýe­ňiş ga­zan­dy. Şu ýyl 7-nji, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 42-nji ge­zek ýe­ňiş ga­za­nan Mar­kes no­bat­da­ky çem­pi­on­ly­gy­na go­laý­la­dy. Tai­land “Gran Pri­sin­de” 2-nji ýe­ri ita­li­ýa­ly And­rea Do­wi­zio­so (“Ducati”) eýe­le­di. Mün­be­riň 3-nji­ bas­gan­ça­gy­na-da “Ya­ma­ha” to­pa­ryn­dan Ma­we­rik Win­ýa­les çyk­dy.
Bu ýa­ryş­dan soň, Do­wi­zio­so (194 utuk) çem­pi­on­lyk umy­dy­ny hä­zir­lik­çe sak­lan hem bol­sa, möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 4 ýa­ryş ga­lan­da, Mar­kes (271 utuk) esa­sy bäs­de­şi bi­len ara­syn­da­ky utuk ara­ta­pa­wu­dy­ny 77-ä ýe­tir­di. Mo­to GP-de möw­sü­miň 16-njy ýa­ry­şy 21-nji okt­ýabr­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Mo­te­gi şä­he­rçesin­de gu­ra­lar.