Bütin dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşan duşuşygy — russiýaly Habib Nurmagomedow bilen irlandiýaly Konor Makgregoryň garyşyk söweş sungatlary (UFC) boýunça özara tutluşygy uly wakalara baý boldy. Duşuşykdan ozal we soň bolup geçen hadysalaryň ýaňy enteklerem ýatanok. Aýratynam, duşuşykdan soňky bolup geçen wakalar tutluşykdan has uly gowur turuzdy. ABŞ-nyň Las Wegas şäherindäki “T-Mobile Arenada” bolup geçen bu taryhy tutluşyga 20 müňden gowrak adam şol ýerde, millionlarça janköýerem teleýaýlymlar arkaly tomaşa etdi. Tutluşyk barada aýdylanda, başdan-aýak russiýaly urşujy diýseň şowly çykyş görkezdi. Ol ady belli garşydaşyny 4-nji raundda ýeňlişe sezewar edip, karýerasyndaky 27-nji ýeňşini gazandy. Şeýlelikde, 30 ýaşly Nurmagomedow ýeňil agramdaky çempionlyk guşagyny goramagy başardy.