UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da “Re­al Mad­rid” 11-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Mi­lan­da­ky meş­hur “San Si­ro” sta­dio­nyn­da oý­na­lan “Re­al” bi­len “At­le­ti­ko­nyň” ara­syn­da­ky Mad­rid der­bi­sin­de ýe­ňiş “Rea­lyň” ta­ra­pyn­da bol­dy. Ang­li­ýa­ly Mark Klat­ten­bur­gyň jür­le­wük ça­lan oý­nu­na “Re­al” er­jel baş­la­dy. Eý­ýäm 15-nji mi­nut­da Ser­jio Ra­mos ha­sa­by aç­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ol Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky iň soň­ky go­lu­ny-da 2 ýyl öň­ki fi­nal­da “At­le­ti­ko­nyň” der­we­ze­sin­den gi­ri­zip­di. Goldan soň, “Re­al” az-ow­lak go­ra­ga çe­kil­di we oý­ny öz ýa­rym meý­dan­ça­syn­da ka­bul et­di. 1-nji ýa­rym 1–0 ha­sa­byn­da “Rea­lyň” üs­tün­li­gi bi­len ta­mam­lan­dy. “At­le­ti­ko Mad­rid” 2-nji ýa­ry­ma oýun­çy çal­şy­gy bi­len baş­la­dy. Her­nan­de­siň or­nu­na Kar­ras­ko meý­dan­ça gir­di. Bu du­şu­şy­gyň dep­gi­ni­ni düýp­gö­ter üýt­get­di. Şon­dan soň, oý­ny do­lu­ly­gy­na ele alan “At­le­ti­ko” üçin ha­sa­by deň­le­mä­ge örän amat­ly pur­sat dö­re­di. Eýýäm 2-nji ýarymyň başynda, has takygy, 48-nji minutda Klat­ten­bur­gyň bel­län 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny An­tu­an Griz­mann dürs ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­me­di. Onuň çep aýa­gy bi­len de­pen pök­gü­si ýo­kar­ky sü­tü­ne de­gip, yzy­na gaýt­dy. Bu ýag­daý “at­le­ti­ko­ly” oýun­çy­la­ryň keý­pi­ni ga­çyr­man, gaý­tam, ola­ry ha­sam ruh­lan­dyr­dy. 79-njy mi­nut­da sag gap­dal­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len hü­jüm­de je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň içi­ne ge­çi­ri­len pök­gi­ni hem­me­den öňür­ti Kar­ras­ko urup, der­we­zä gi­riz­di we ha­sa­by deň­le­­di. Şon­dan soň, ga­lan 11 mi­nut­da öňe saý­lan­mak 2 klu­ba-da ba­şart­ma­dy. Goş­ma­ça 30 mi­nut oý­na­lyp, on­da-da ýa­daw dü­şen oýun­çy­lar pe­nal­ti ur­gu­la­ry­na ga­la­ny­ny kem gör­me­di­ler we bu şeý­le-de bol­dy. Il­kin­ji bo­lup “re­al­ly” oýun­çy­lar baş­la­dy. 4-nji ur­gu­lar­a çenli ýalňyşan oýunçy bolmady. Ýag­ny her toparyň 3 oýun­çysy-da urgyny dürs ýe­ri­ne ýe­tir­di. “Rea­lyň” 4-nji ur­gu­sy­ny oý­nuň gah­ry­man­la­ryn­dan Ra­mos ta­kyk ur­ma­gy ba­şar­dy. Ýö­ne “At­le­ti­ko­nyň” 4-nji ur­gu­sy­ny we­lin, Ra­mo­syň mil­li ýy­gyn­dy­da bi­le oý­na­ýan ýol­da­şy Huanf­ran dürs urup bil­me­di. Onuň ur­gu­sy sü­tü­ne de­gip, yzy­na gaýt­dy. Şon­dan soň, 5-nji ur­gy üçin Ro­nal­do ak no­kada gel­di. Olam bu iş­de özü­niň ök­de­di­gi­ni ýe­ne bir ýo­la su­but et­di we “Re­al Mad­rid” 11-nji ge­zek Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ýe­ňi­ji­si bol­dy. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, iň soň­ky sa­par 2012-nji ýyl­da tä­ze çem­pi­on çy­ka­ran Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da ýe­ňi­ji tä­ze­len­me­di, gaý­ta­lan­dy. “Re­al” bi­len “At­le­ti­ko” to­par­la­ry 2 ýyl öňem Lis­sa­bon­da­ky fi­nal­da du­şu­şyp­dy­lar we şon­da-da “Re­al” eze­li gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çy­kyp­dy. Şon­da oý­nuň ta­mam­lan­ma­gy­na sä­hel­çe wagt ga­lan­da, has ta­ky­gy 90+2-nji mi­nut­da Ser­jio Ra­mos ha­sa­by deň­läp­di. Goş­ma­ça wagt­da-da 3 gol ge­çi­ren “Re­al Mad­rid” köp ga­raş­dy­ran 10-njy ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­te­rip­di.

GY­ZYK­LY MAG­LU­MAT­LAR
* “Re­al Mad­rid” soň­ky 3 ýyl­da ku­bo­gy 2-nji ge­zek alyp, umu­my­lyk­da bu ýa­ryş­da­ky ýe­ňiş­le­ri­niň sa­ny­ny 11-e ýe­tir­di we 2-nji ha­tar­da­ky “Mi­lan” (7 ku­bok) bi­len ara­ny ha­sam aç­dy.
* Çem­pi­on­lar li­ga­sy (1993-nji ýyl­dan bä­ri) di­ýlen at bi­len ge­çi­ri­lip baş­la­nany bä­ri 5-nji fi­na­ly­ny oý­nan “Re­al Mad­rid” ola­ryň äh­li­sin­de ýe­ňiş ga­zan­dy. Di­ňe “Mi­lan” to­pa­ry olar­dan köp fi­nal­da çy­kyş et­di (6). “Mi­lan” şo­l finalla­ryň 3-sin­de ku­bo­gy alyp­dy.
* “Realyň” çykyş eden fi­nal­la­rynyň 5-si hem jü­büt ýyl­lar­da bo­lup (1998, 2000, 2002, 2014, 2016), “Re­al” 5 fi­na­lyň 3-sin­de is­pan to­par­la­ry­ny ýeň­di.
* “At­le­ti­ko” fi­na­la çy­kan 3 oý­nun­da utu­lan il­kin­ji to­par bol­dy (1975, 2014, 2016). “Stad de Reims” (1956, 1959), bi­len “Wa­len­si­ýa” (2000, 2001) to­par­la­ry 2 ge­zek fi­na­la çy­ky­bam, iki­sin­de-de ku­bo­gy alyp bil­män­di.
* Zi­ne­din Zi­dan Çem­pi­on­lar li­ga­sy­ny alan il­kin­ji fran­suz tä­lim­çi­si­dir. Bu ugur­da ital­ýan tä­lim­çi­le­ri 11 ýeňiş bi­len öň­de bar­ýar­lar. Is­pan tä­lim­çi­le­ri 10, ne­mes­dir iň­lis­ler 7, gol­land­lar 5, ar­gen­tin­ler bi­len şot­land­lar 4, por­tu­gal we ru­myn tä­lim­çi­le­ri 3, awst­ri­ýa­ly we weng­ri­ýa­ly­lar 2, şeý­le-de bel­gi­ýa­ly we ser­bi­ýa­ly tä­lim­çi­ler 1 ge­zek ku­bo­gy eýe­le­di­ler.
* Zi­ne­din Zi­dan hem oýun­çy­ka, he­mem tä­lim­çi­lik­de bu ku­bo­gy alan 7-nji şah­sy­ýet­dir: Mi­gel Mun­ýos (oýun­çy: “Re­al Mad­rid” – 1956, 1957; tä­lim­çi: “Re­al Mad­rid” – 1960, 1966), Jio­wan­ni Tra­pat­to­ni (oýun­çy: “Mi­lan” – 1963, 1969; tä­lim­çi: “Ýu­wen­tus” – 1985), Ýo­han Kroýf (oýun­çy: “Aýaks” – 1971, 1972, 1973; “Bar­se­lo­na” – 1992), Kar­lo An­çe­lot­ti (oýun­çy: “Mi­lan” – 1989, 1990; tä­lim­çi: “Mi­lan” – 2003, 2007, “Re­al Mad­rid” – 2014), Frank Riý­kaard (oýun­çy: “Mi­lan” – 1989, 1990, “Aýaks” – 1995; tä­lim­çi: “Bar­se­lo­na” – 2006), Ýo­sep Gu­ar­dio­la (oýun­çy: “Bar­se­lo­na” – 1992; tä­lim­çi: “Bar­se­lo­na” – 2009, 2011), Zi­ne­din Zi­dan (“Re­al Mad­rid” – 2002; tä­lim­çi: “Re­al Mad­rid” – 2016).
* Zi­ne­din Zi­dan tä­lim­çi­li­gi­niň il­kin­ji möw­sü­min­de bu ku­bo­gy alan 8-nji tä­lim­çi­dir. On­dan öň Ho­se Wil­la­lon­ga, Mi­gu­el Mun­ýos, To­ni Bar­ton, Gu­us Hid­dink, Jou Fa­gan, Wi­sen­te del Bos­ke, Ýo­sep Gu­ar­dio­la mu­ny ba­şa­ryp­dy.
* Ser­jio Ra­mos Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da (1993-nji ýyl­dan bä­ri) fi­nal­ oýunlarynda jemi, 2 gol ge­çi­ren 5-nji fut­bol­çy (Ra­ul, Eto’o, Mes­si, K. Ro­nal­do), il­kin­ji go­rag­çy­dyr.
* 61-nji ge­zek ge­çi­ri­len Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da yk­ly­myň 35 şä­he­ri­niň we­kil­le­ri fi­na­la çy­kyp, şo­la­ryň 21-si ku­bo­gy al­dy. Bu ugur­da Mad­rid şä­he­ri şu ýe­ňiş­den soň, Mi­lan şä­he­rin­den öňe saý­lan­dy (11–10).
* “San Si­ro­da” mun­dan öňem 3 ge­zek fi­nal oý­na­lyp, 1965-nji ýyl­da “In­ter” “Ben­fi­ka­ny” 1–0, 1970-nji ýyl­da “Fe­ýe­noord” “Sel­ti­gi” goş­ma­ça wagt­da 2–1, 2001-nji ýyl­da-da “Ba­wa­ri­ýa” “Wa­len­si­ýa­ny” pe­nal­ti­ler­den soň 5–4 ha­sa­byn­da utup­dy.
* 6-njy ge­zek 1 ýur­duň 2 we­ki­li fi­nal­da du­şuş­dy. Mun­dan öň 2000-nji ýyl­da “Re­al Mad­rid”–“Wa­len­si­ýa” (3-0), 2003-nji ýyl­da “Mi­lan”–“Ýu­wen­tus” (0–0, 3–2 p), 2008-nji ýyl­da “M. Ýu­naý­ted”–“Çel­si” (1–1, 6–5 p), 2013-nji ýyl­da “Ba­wa­ri­ýa”–“Bo­rus­sia D.” (2–1) hem-de 2014-nji ýyl­da “Re­al”–“At­le­ti­ko” (4–1 g.w.) to­par­la­ry öza­ra güýç sy­na­ny­şyp­dy.
* Bu fi­nal 2-nji ge­zek gaý­ta­lan­ýan 7-nji fi­nal bo­lup, on­dan öň şu klub­lar fi­nal­da biri-bi­ri bi­len 2 ge­zek du­şu­şyp­dy: “Re­al Mad­rid”–“Stad de Reims”: 4–3 (1955/56); 2–0 (1958/59), “Mi­lan”–“Ben­fi­ka”: 2–1 (1962/63); 1–0 (1989/90), “Mi­lan”–“Aýaks”: 4–1 (1968/69); 0–1 (1994/95), “Aýaks”–“Ýu­wen­tus”: 1–0 (1972/73); 1–1, 2–4 p, (1995/96), “Li­wer­pul”–“Mi­lan”: 3–3, 3–2 p, (2004/05); 1–2 (2006/07), “Bar­se­lo­na”–“M. Ýu­naý­ted”: 2–0 (2008/09); 3–1 (2010/11), “Re­al Mad­rid”–“At­le­ti­ko”: 4–1 g.w., (2013/14); 1—1, 5—3 p (2015/16).