Formula 1 boýunça Dünýä çempionatynda möwsümiň 6-njy ýaryşy Monakonyň merkezi şäheri Monte Karlonyň köçelerinde geçirildi. F1-iň iň abraýly bäsleşigi hasaplanýan bu 78 aýlawlyk “Gran Pri” ýagyş sebäpli howpsuzlyk ulagynyň öňbaşçylygynda başlady we bu ýagdaý 8-nji aýlawa çenli dowam etdi. Bäsleşige 1-nji hatardan başlan “Red Bull” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Daniel Rikkiardo 14-nji aýlawdan soň, arany 10 sekunda çenli çykardy. Lewis Hamilton ilkinji “pit-stopuny” 32-nji aýlawda edip, gury ýer üçin has oňaýly bolan tekerleri dakdy. Beýleki pilotlar bolsa, şeýle tekerleri dakmak üçin 2-nji gezek “pit-stop” etmeli boldular. Şol pursatda Lewis Hamilton 1-nji ýere geçdi. 2-nji gezekki “pit-stopda” mehanikleriň ýuwaş hereket etmeginden soň, wagt ýitiren Rikkiardo 2-njilige düşdi. Galan aýlawlarda-da Rikkiardo Hamiltony ozmak üçin tagalla baryny etse-de, iňlis sürüjisi oňa bu mümkinçiligi bermedi. Şunlukda, “Mersedes” toparynyň sürüjisi, soňky 2 ýylyň çempiony Lewis Hamilton şu möwsümdäki 1-nji, karýerasyndaky 44-nji ýeňşini baýram etdi. Onuň görkezen netijesi 1 sagat 59 minut 29,133 sekunda deň boldy. Rikkiardo bolsa, Hamiltondan 7,2 sekunt yza galyp, 2-nji ýeri eýeledi. Münberiň 3-njilik basgançagyna welin, ýeňijiden 13,8 sekuntlyk az netije görkezen “Fors India” toparynyň meksikaly piloty Serhio Peres çykmagy başardy. Mundan soňky 5 orny germaniýaly we ispaniýaly türgenler paýlaşyp, Sebastian Wettel 4-nji, Fernando Alonso 5-nji, iki atdaş sürüji Niko Hulkenberg bilen sanawyň lideri Niko Rosberg 6-njy we 7-nji hem-de Karlos Saýns 8-nji ýeri eýeledi.
Geçirilen 6 ýaryşdan soň, Niko Rosberg (“Mersedes”) 106 utuk toplap, birinjiligini dowam etdirýär. Arany 24 utuga çenli azaldan Hamiltonyň 82 utugy bar. 66 utukly Daniel Rikkiardo 3-nji hatarda barýar. “Ferrariniň” sürüjileri Kimi Raikkonen bilen Sebastian Wettel 6 ýaryşda 61 we 60 utuk toplady.
Möwsümiň indiki ýaryşy 12-nji iýunda Kanadada geçiriler.