ŞU ÝYLKY 6-njy ÝEŇLIŞI
UEFA Mil­let­ler li­ga­syn­da 3-4-nji tap­gy­ryň oýun­la­ry ta­mam­lan­dy. “A” li­ga­sy­nyň 1-nji to­par­ça­syn­da ne­mes­ler geçiren 2 du­şu­şy­gyn­da-da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Ýoa­him Lö­wüň şä­girt­le­ri myh­man­çy­lyk­da Gol­lan­di­ýa­dan 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňil­di. Ýer eýe­le­ri­niň gol­la­ry­ny Wan Diýk (30), De­paý (87) hem-de Wiý­nal­dum (90+3) der­we­zä gi­riz­di. Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2-nji du­şu­şy­gyn­da-da “Stad de Frans­da” Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň soň­ky ýe­ňi­ji­si Fran­si­ýa­dan 2-1 utul­dy. Fran­si­ýa­nyň adyn­dan Griz­mann (62, 80 p), ne­mes­ler­de­nem Kroos (14 p) ta­pa­wut­lan­dy. Bu ola­ryň şu ýyl­ky 6-njy ýeň­li­şi bo­lup, Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ta­ry­hyn­da 1 ýy­lyň do­wa­myn­da il­kin­ji ge­zek 6 du­şu­şyk­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy (Bra­zi­li­ýa, Awst­ri­ýa, Mek­si­ka, G. Ko­re­ýa, Gol­lan­di­ýa, Fran­si­ýa). Şeý­le-de Ger­ma­ni­ýa­nyň mil­li to­pa­ry soň­ky 11 oý­nuň di­ňe 1-in­de der­we­ze­sin­den gol ge­çirt­me­di. Şol birwag­tyň özün­de-de Ger­ma­ni­ýa 2000-nji ýyl­dan soň, il­kin­ji ge­zek yz­ly-yzy­na 2 du­şu­şyk­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. 2-nji to­par­ça­da Bel­gi­ýa öz meý­dan­ça­syn­da Şweý­sa­ri­ýa­dan (Lu­ka­ku 54, 84 — Gaw­ra­no­wiç 76), Şweý­sa­ri­ýa-da myh­man­çy­lyk­da Is­lan­di­ýa­dan (Se­fe­ro­wiç 52, Lang 67 — Finn­bo­ga­son 81) 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. 3-nji to­par­ça­da Pol­şa öz meý­dan­ça­syn­da oý­nan du­şu­şyk­la­ryn­da il­ki Por­tu­ga­li­ýa­dan 3–2 (A. Sil­wa 32, Glik 43 ö.d., B. Sil­wa 52 — Pia­tek 18, Blaş­şi­kows­ki 77), soň­ra-da Ita­li­ýa­dan 1–0 (Bi­ra­gi 90+2) ha­sa­byn­da as­gyn gel­di.

15 ÝYLDAN SOŇKY ILKINJI GEZEK
4-nji to­par­ça­da Hor­wa­ti­ýa bi­len Ang­li­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun­dan gol se­si eşi­dil­me­di. Is­pa­ni­ýa bi­len Ang­li­ýa­nyň du­şu­şy­gyn­da-da myh­man­lar 3–2 hasabynda ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Oýun­da is­pan­la­ryň gol­la­ry­ny Al­ka­ser (58) bi­len Ra­mos (90+8), myh­man­la­ryň gol­la­ry­ny-da Ster­ling (16, 38) bi­len Reş­ford (30) der­we­zä gi­riz­di. Il­kin­ji ge­zek 1-nji ýa­rym­da to­ru­na 3 gol goý­be­rden Is­pa­ni­ýa öz meý­dan­ça­syn­da soň­ky sa­par 5609 gün öň, ýag­ny mun­dan 15 ýyl ozal, 2003-nji ýyl­da ýeň­lip­di. Bu oýun­lar­dan soň, Is­lan­di­ýa bi­len Pol­şa­nyň ýygyndylary to­par­ça­la­ry­ny iň soň­ky orun­da ta­mam­lar­lar.
UKRAINA “A” LIGA ÇYKDY
“B” li­ga­nyň 1-nji to­par­ça­syn­da Uk­rai­na ýeň­liş­siz ýö­ri­şi­ni do­wam et­di­rip, olar “A” li­ga çyk­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Şew­çen­ko­nyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki uk­ra­in­ler öz meý­dan­ça­syn­da Çe­hi­ýa­ny Ma­li­nows­ki­niň ýe­ke-täk pök­gü­si bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Çeh­ler on­dan öňür­ti Slo­wa­ki­ýa­dan 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. 2-nji to­par­ça­da Şwe­si­ýa bi­len 1 utu­gy paý­la­şan (0–0) Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy So­çi­de Tür­ki­ýä­niň mil­li to­pa­ry­ny Noýş­tad­de­riň hem-de Çe­ry­şe­wiň gol­la­ry esa­syn­da 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 3-nji to­par­ça­da De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa myh­man­çy­lyk­da ge­çi­ren oýun­la­ryn­da il­ki Awst­ri­ýa­dan 1–0 (Ar­nau­to­wiç 71), soň­ra Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­dan 2–0 (Je­ko 27, 73) ha­sa­byn­da utul­dy. 4-nji to­par­ça­da Ir­lan­di­ýa bi­len Da­ni­ýa­nyň oý­nun­da ha­sap açyl­ma­dy. Bri­tan der­bi­sin­de Uel­siň ýy­gyn­dy­sy myh­man­çy­lyk­da Ir­lan­di­ýa­ny Wil­so­nyň 58-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy.
“C” li­ga­nyň 1-nji to­par­ça­syn­da Ys­ra­ýyl il­ki şot­land­lar­dan, so­ňam al­ban­lar­dan de­giş­li­lik­de, 2–1 we 2–0 ha­sap­lar bi­len üs­tün çyk­dy. 2-nji to­par­ça­da­ky du­şu­şyk­lar­da şeý­le ne­ti­je­ler ha­sa­ba alyn­dy: Gre­si­ýa–Weng­ri­ýa: 1–0, Es­to­ni­ýa–Finl­ýan­di­ýa: 0–1, Es­to­ni­ýa–Weng­ri­ýa: 3–3, Finl­ýan­di­ýa–Gre­si­ýa: 2–0. 2-nji to­par­ça­da Nor­we­gi­ýa Slo­we­ni­ýa­ny hem-de Bol­ga­ri­ýa­ny 1–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­di. Il­ki Bol­ga­ri­ýa­dan 2–1 utu­lan Kipr, myh­man­çy­lyk­da Slo­we­ni­ýa bi­le­nem 1–1 deň­me-deň oý­na­dy. 3-nji to­par­ça­da Ru­my­ni­ýa-da, Ser­bi­ýa­-da myh­man­çy­lyk­da de­giş­li­lik­de, Lit­wa­ny 2–1, Ga­ra­da­gy 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Iki­si­niň ara­syn­da­ky oýun­da-da ha­sap açyl­ma­dy.
“D” li­ga­syn­da 1-nji to­par­ça­da An­dor­ra we Lat­wi­ýa­dan üs­tün çy­kan Gru­zi­ýa in­di­ki Mil­let­ler li­ga­syn­da “C” li­ga­sy­na we­kil­çi­lik et­mä­ge yg­ty­ýar al­dy. Ta­ry­hyn­da­ky iň ba­şar­nyk­ly döw­rü­ni baş­dan ge­çir­ýän Lýuk­sem­burg 2-nji to­par­ça­da San Ma­ri­no­dan 3–0 üs­tün çy­kyp, utuk sa­ny­ny 9-a ýetirdi. 3–4-nji to­par­ça­lar­da-da Ko­so­wo bi­len Ma­ke­do­ni­ýa öň­de­li­gi­ni do­wam et­dir­ýär.

GARŞYDAŞLARYMYZ ÜSTÜNLIKLI ÇYKYŞ ETDI
Mil­li ýy­gyn­dy­my­zyň Azi­ýa Ku­bo­gy 2019-da­ky gar­şy­daş­la­ryn­dan Öz­be­gis­tan il­ki De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­ny 2–0, soň­ra-da il­de­şi­miz Ça­ry­my­rat Gur­ba­no­wyň jür­le­wük ça­lan du­şu­şy­gyn­da-da Ka­ta­ry şol ha­sap bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. To­par­ça­my­zyň güýç­li to­par­la­ryn­dan Ýa­po­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Pa­na­ma­ny 3–0 (Mi­na­mi­no 42, Ito 66, Kum­mings 85 ö.d.) ut­dy. Ýa­pon­lar gar­şy­lyk­ly gol­la­ryň ge­çi­ri­len oý­nun­da-da Urug­waý­dan 4–3 (Mi­na­mi­no 10, 66, Osa­ko 36, Do­an 59 — Pe­rei­ro 28, Ka­wa­ni 57, Rod­ri­ges 75) ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Beý­le­ki gar­şy­da­şy­myz Oma­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da Fi­lip­pin­ler bi­len 1–1, Ek­wa­dor bi­le­nem 0–0 deň­me-deň oý­na­dy.

ÝOLDAŞLYK DUŞUŞYKLARY
10–17-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň bir­nä­çe­si ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çir­di­ler. Ita­li­ýa bi­len Uk­rai­na 1–1 (Ber­nar­des­ki 55 — Ma­li­nows­ki 62) oý­nan bol­sa, Ar­gen­ti­na Yra­gyň to­run­dan jo­gap­syz 4 pök­gi gi­riz­di (Mar­ti­nes 18, Pe­reý­ra 53, Pez­zel­la 82, Ser­wi 90). Is­pa­ni­ýa myh­man­çy­lyk­da Uels­den 4–1 üs­tün çyk­dy (Wo­kes 89 — Al­ka­ser 8, 29, Ra­mos 19, Bart­ra 74). Fran­si­ýa bi­len Is­lan­di­ýa 2–2 deň­me-deň oý­na­dy. Bra­zi­li­ýa il­ki Sa­ud Ara­bys­ta­ny­ny 2–0 (Že­sus 44, Aleks Sand­ro 90), soň­ra-da Ar­gen­ti­na­ny 1–0 (Mi­ran­da 90+4) ha­sa­by bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bel­gi­ýa bi­len Gol­lan­di­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun­da-da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy (1–1, Mer­tens 5 — Groen­weld 27).
Ge­çi­ri­len ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri: Bang­la­deş–Pa­les­ti­na: 0–2, In­do­ne­zi­ýa–Mýan­ma: 3–0, Ita­li­ýa–Uk­rai­na: 1–1, Gon­kong–Tai­land: 0–1, BAE–Gon­du­ras: 1–1, Bah­reýn–Si­ri­ýa: 0–1, Tür­ki­ýe–Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na: 0–0, Ar­gen­ti­na–Yrak: 4–0, Uels–Is­pa­ni­ýa: 1–4, Fran­si­ýa–Is­lan­di­ýa: 2–2, ABŞ–Ko­lum­bi­ýa: 2–4, Mek­si­ka–Kos­ta Ri­ka: 3–2, Ýa­po­ni­ýa–Pa­na­ma: 3–0, Gü­nor­ta Ko­re­ýa–Urug­waý: 2–1, Kam­bo­ja–Ti­mor Les­te: 2–2, Sin­ga­pur–Mon­go­li­ýa: 2–0, Şri Lan­ka–Ma­laý­zi­ýa: 1–4, Ka­tar–Ek­wa­dor: 4–3, Sa­ud Ara­bys­ta­ny–Bra­zi­li­ýa: 0–2, Pe­ru–Çi­li: 3–0, Mýan­ma–Bo­li­wi­ýa: 0–3, Hy­taý–Hin­dis­tan: 0–0, Öz­be­gis­tan–De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa: 2–0, Oman–Fi­lip­pin­ler: 1–1, Tai­land–Tri­ni­dad we To­ba­go: 1–1, Şot­lan­di­ýa–Por­tu­ga­li­ýa: 1–3, Ku­weýt–Awst­ra­li­ýa: 0–4, Sa­ud Ara­bys­ta­ny–Yrak: 1–1, Hor­wa­ti­ýa–Ior­da­ni­ýa: 2–1, Ýa­po­ni­ýa–Urug­waý: 4–3, Gü­nor­ta Ko­re­ýa–Pa­na­ma: 2–2, Kam­bo­ja–Sin­ga­pur: 1–2, In­do­ne­zi­ýa–Gon­kong: 1–1, La­os–Mon­go­li­ýa: 1–4, Hy­taý–Si­ri­ýa: 2–0, Ma­laý­zi­ýa–Gyr­gy­zys­tan: 0–1, Öz­be­gis­tan–Ka­tar: 2–0, BAE–We­ne­sue­la: 0–2, Oman–Ek­wa­dor: 0–0, Eý­ran–Bo­li­wi­ýa: 2–1, Bah­reýn–Mýan­ma: 4–1, Bra­zi­li­ýa–Ar­gen­ti­na: 1–0, Bel­gi­ýa–Gol­lan­di­ýa: 1–1, Da­ni­ýa–Awst­ri­ýa: 2–0, Şwe­si­ýa–Slo­wa­ki­ýa: 1–1, Ko­lum­bi­ýa–Kos­ta Ri­ka: 3–1, ABŞ–Pe­ru: 1–1, Mek­si­ka–Çi­li: 0–1.