XVII Aziýa Kubogyna tarap
Aziýa Kubogynyň 5-njisi 1972-nji ýylyň 7–19-njy maýy aralygynda Tailand döwletinde geçirilip, oňa 6 topar gatnaşýar. Ýaryş mundan öňki 4 çempionatdaky ýaly däl-de, toparçalar esasynda geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, Aziýa Kubogynyň ilkinji 4 ýaryşynda çykyş eden ýygyndylar (ilkinji 3-sine 4, soňkusyna-da 5 topar) biri-biri bilen özara duşuşyp, iň köp utuk toplan çempion bolýardy. 6 ýygyndy 2 toparça bölünip, duşuşyklaryň hemmesi-de paýtagt Bangkokdaky 26 müň orunlyk Milli stadionda oýnalýar. Aslynda çempionat ilki Ysraýylda oýnalmaly edilipdi. Ýöne syýasy we beýleki käbir sebäplerden çempionaty ahyrky ýagdaýda Tailandda guramaklyk barada karara gelinýär. Ýer eýesi Tailand bilen soňky çempion Eýranyň ýygyndysy bilen bir hatarda, saýlama oýunlarynda üstünlikli çykyş eden Yragyň, Khmer Respublikasynyň (häzirki Kambojanyň), Günorta Koreýanyň hem-de Kuweýtiň ýygyndylary ýaryşa gatnaşýar. Ilki toparçalary kesgitlemek üçin geçirilen 3 duşuşykdan soň, Eýranyň, Tailandyň, Yragyň ýygyndylary “A”, G. Koreýanyň, Khmer Respublikasynyň hem-de Kuweýtiň milli toparlary bir toparça düşýär.
“A” toparçadaky oýunlarda Eýranyň ýygyndysy Yrakdan Hossein Kalaniniň het-trigi bilen 3–0 üstün çykýar. Tailand bilen Yragyň arasyndaky oýunda-da ýeňiş gazanan bolmaýar. Eýranyň ýygyndysy soňky duşuşykda-da Tailandy Ali Jabbariniň 3 goly bilen 3–2 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär. Tailandyň adyndan hem Prapon tapawutlanýar. “B” toparçada koreýler khmerleri 4–1 hasabynda utýar. Ýöne olar soňky duşuşygynda Kuweýtden 2–1 asgyn gelýär. Khmerler Kuweýtiň ýygyndysynyň torundan jogapsyz 4 pökgi girizýär. Bu netijelerden soň, “A” toparçadan Eýran bilen Tailand, “B” toparçadanam G. Koreýa bilen Khmer Respublikasy ýarym finala çykýar. Ýarym finalda Eýran khmerlileri Sokhomyň (18) goluna garşylyk Iranpak (13) we Geliçhaniniň (47) gollary bilen 2–1 hasabynda ýeňýär. Eýranyň ýygyndysy bassyr 2-nji gezek finala çykmagy başarýar. Günorta Koreýa bilen Tailandyň arasyndaky duşuşygyň esasy wagtynda hasap açylmaýar. Goşmaça wagtda her topar 1 gol geçirse-de, ýeňijini penalti urgulary kesgitleýär. Penaltilerde artykmaçlyk görkezen koreýler taryhynda 5-nji çempionatda 3-nji ýola finalda oýnamaga hukuk gazanýar.
Final duşuşygy 19-njy maýda 15 müň janköýeriň şaýatlygynda oýnalyp, oňa malaýziýaly Siwapalan Kathirawale eminlik edýär. Çekeleşikli geçen duşuşygyň 1-nji ýarymynda hasap açylmaýar. 48-nji minutda eýranlylardan Jabbari, 68-nji minutda-da koreýlerden Park Li-Çun tapawutlanýar. Esasy wagty 1–1 tamamlanan oýnuň 108-nji minutynda Hossein Kalani Eýrana ýeňiş getiren goly derwezä girizýär. Şeýlelikde, Eýranyň ýygyndysy bassyr 2-nji çempionlygyny gazanyp, Günorta Koreýadan soň, muny başaran 2-nji ýygyndy bolýar. Baýrakly 3-nji ýer ugrunda-da ýer eýesi Tailandyň ýygyndysy Khmer Respublikasyny esasy wagty 2–2 tamamlanan oýunda penaltilerden soň, 5–3 ýeňýär we bürünç medaly eýeleýär.
Çempionatda geçirilen 13 oýunda 38 gol hasaba alynýar. 5 gezek tapawutlanan Hossein Kalani çempionatyň iň köp gol geçiren futbolçysy bolýar.
“A” toparça: Eýran–Yrak: 3–0, Tailand–Yrak: 1–1, Tailand–Eýran: 2–3; “B” toparça: G. Koreýa–Khmer Res.: 4–1, G. Koreýa–Kuweýt: 1–2, Khmer Res.–Kuweýt: 4-0; Ýarym final: Eýran–Khmer Res.: 2–1, G. Koreýa–Tailand: 1–1 (2–1 p); 3-nji ýer üçin: Khmer Res.–Tailand: 2–2 (3–5 p); FINAL: Eýran–Günorta Koreýa: 2–1 (g.w.).