Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda gurulýan taslamalary hemişe üns merkezinde saklap, olarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen yzygiderli tanşyp durýar.
Golaýda-da hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary, şeýle hem iri desgalaryň birnäçesinde işleriň ýagdaýy we şäheri abadanlaşdyrmak, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyz edijisi bolmak bilen bu babatda ildeşlerimize aýdyň görelde görkezýän döwlet Baştutanymyz öz endiklerine eýerip, ir bilen beden maşklaryny ýerine ýetirmek bilen meşgullandy, soňra Köpetdagyň etegi boýunça welosipedli ýöriş etdi. Milli Liderimiz welosipedde paýtagtymyzyň günorta tarapyna, Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşylady.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerleriň tebigy aýratynlyklaryna ünsi çekip, desgalaryň we heýkelleriň göwnejaý derejede saklanylmagy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimine Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň bu ýerde oturdylan ýadygärligine gaýtadan seretmek barada tabşyryklar berildi.
Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz esasy döwlet nyşanynyň – Tugranyň goýuljak täze ýerini saýlap almak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy, ol uzak aralykdan hem görünmelidir.
Döwlet Baştutanymyz beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärligi gurmak işleriniň barşy bilen gyzyklanyp, şäher häkimine ony öz wagtynda tamamlamagy üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz welosiped sürmegini dowam edip, hemişe bolşy ýaly, ajaýyp beden sagdynlygyny görkezmek bilen, ýüzugra töweregiň gözelliklerini synlady, ýylyň şu döwründe bu ýerler has-da ajaýyp keşbe bürenýär.
Işiniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga wagt tapýan hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz işjeňligi netijesinde, soňky wagtlarda ýurdumyzda welosipedli ýöriş okgunly ösüşe eýe boldy. Welosiped sürüjileriň sany ýaşlaryň arasynda bolşy ýaly, uly nesliň wekilleriniň arasynda hem barha artýar.
Şeýle hem şu ýyl “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen welosiped sporty boýunça okuw türgenleşiginde “Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak” hökmünde täze dünýä rekordy goýlup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we degişli güwänama bilen tassyklanyldy.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler halkara bileleşiginiň ählumumy ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolýar. Muňa milli Liderimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy hem şaýatlyk edýär, şu ýyl bu sene ýurdumyzda ilkinji gezek bellenildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Çandybil we Bekrewe şaýollarynyň kesişýän ýerinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ýadygärligiň guruljak meýdançasynda aýlawly çatrygyň golaýynda saklandy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew, şeýle hem “Buig Turkmen” kompaniýasynyň baş direktory Alekseý Reşow garşyladylar.
Şäher häkimi milli Liderimiziň garamagyna paýtagtymyzyň günorta bölegini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalaryny hödürledi. Bu taslamalar göni aragatnaşyk arkaly duşenbe güni geçirilen iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz olar bilen tanşyp, anyk maslahatlary berdi hem-de degişli düzedişleri girizip, şunda gadymy milli binagärlik ýörelgeleriniň hem-de häzirki zaman öňdebaryjy tejribäniň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň esasy şert bolup durýandygyny belledi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Kararnamasy mynasybetli bina ediljek ýadygärligiň taslamasynda halkymyzyň baý taryhy hem-de häzirki döwürde gazananlary öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Taslama laýyklykda, ýadygärligiň günorta tarapynda Türkmenistanyň häzirki wagtda gazananlary, demirgazyk tarapynda bolsa ýurdumyzyň kartasy şekillendirilýär. Ýokardan seredilende ýadygärligiň görnüşi halkara geçelgeleriniň strategik ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň häzirki zaman taryhynyň çeperçilik taýdan şekillendirilişi görünýär. Aýlawly ýoluň ugrunda welosipedçileriň heýkelleri şekillendirilendir.
Ýadygärligiň bezeginde Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny alamatlandyrýan zeýtun baldajyklarynyň şekilleri ýerleşdirilýär. Ýer togalagynyň bir tarapynda nepis we ýüwrük ahalteke bedewleriniň bäşisiniň şekili ýerleşdirilipdir. Umuman, bu ýadygärlik saglygyň we uly üstünlikleriň ýurdy — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşini beýan etmelidir.
Paýtagtymyzyň özboluşly nyşanlaryň biri bolmak bilen bu ýadygärlik toplumy ýokary ruhy ylhamy, Türkmenistanyň döredijilik ruhuny, onuň umumadamzat ynsanperwerlik gymmatlyklaryna hem-de halkara sport hereketine ygrarlydygyny, ösüşiň we abadançylygyň ýolundaky okgunly hereketini beýan etmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimi milli Liderimize şenbe güni köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy. Hormatly Prezidentimiz bu başlangyjy makullap, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy, bu çäre türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy bolar.
Şäheriň bu künjeginde kaşaň myhmanhana gurulýar. Milli Liderimiz ähli ölçegler babatynda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän myhmanhana toplumynyň gurluşygynda gurluşyk we binagärlik ulgamynda toplanylan iň gowy tejribäniň peýdalanylmagynyň zerurdygyny belläp, desgadaky işleri bellenilen meýilnamalara laýyklykda alyp barmagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Çandybil şaýoly boýunça welosipedli ýörişini dowam edip, Türkmenistanyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy — “Buig” fransuz kompaniýasyna ynanylan täze binalarda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, “Buig” kompaniýasy bilen Çandybil şaýolunyň ugrunda Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň, ýokarda agzalan kaşaň myhmanhananyň, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň binalarynyň, şeýle hem Köpetdag şaýolunyň ugrunda Hökümet münberiniň taslamasyny düzmek we gurmak barada degişli şertnamalar baglaşyldy. Döwlet Baştutanymyz täze binalarda işleriň ýagdaýyny gözden geçirip, bu ýerde seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi barada işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerinde saklanyp, fransuz hyzmatdaşlarymyzyň taýýarlan taslamalaryna garady. “Buig Turkmen” kompaniýasynyň baş direktory Türkmenistanyň Prezidentine desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda peýdalanylýan gurluşyk serişdeleriniň, hususan-da, aýnanyň ulanylyşynyň aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly göwnejaý, ygtybarly we owadan, uzak geljegi nazarlaýan binalaryň gurulmagynyň Aşgabatda we tutuş ýurdumyz boýunça durmuşa geçirilýän şähergurluşyk konsepsiýasynyň möhüm talaby bolup durýandygyny belläp, paýtagtymyzyň häzirki zaman dolandyryş-işewürlik merkezinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesini üpjün etmegi tabşyrdy hem-de hemmelere işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.