Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da türk­men döw­le­ti hem-de onuň paý­tag­ty ak mer­mer­li Aş­ga­bat dün­ýä­niň iri sport mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­lip, dün­ýä­niň iň ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Ge­çen ýyl ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çi­ri­len Azi­ýa yk­ly­my­nyň iri sport ýa­ry­şy – Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry, sport gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça dün­ýä we Azi­ýa çem­pio­nat­la­ry, şu ýyl gu­ra­lyp, uly ses­len­me dö­re­den “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si Türk­me­nis­ta­nyň iri sport ýur­du­dy­gy­ny tu­tuş dün­ýä­de yk­rar et­di.
Dün­ýä­niň köp san­ly sport jem­gy­ýet­çi­li­gi hem-de sport ne­şir­le­ri ar­ka­ly Aş­ga­bat sport şä­he­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. Ine, bu gün bol­sa, eziz Di­ýa­ry­myz no­bat­da­ky ab­raý­ly ýa­ry­şyň bo­sa­ga­syn­da dur. Paý­tag­ty­myz agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ka­bul et­mä­ge taý­ýar.
Dün­ýä çem­pio­na­ty 2018-nji ýy­lyň 1-10-njy no­ýab­ry ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat­da­ky Olim­pi­ýa şä­herçesi­niň hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän aja­ýyp sport des­ga­la­ryn­da ge­çer. Bu des­ga­lar­da köp san­ly hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry, şol san­da ola­ryň için­de iň iri­si bo­lan Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ril­di we bu des­ga­lar­da is­len­dik gör­nüş­li sport ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek­lik üçin do­ly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy su­but edil­di. Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ýo­ka­ry de­re­je­de we gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň Gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti dö­re­dil­di we taý­ýar­lyk iş­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­dy.
Bu dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­mak üçin Ýer ýü­zü­niň 100 ýur­dun­dan (Af­ri­ka­nyň 9 döw­le­tin­den, Ýew­ro­pa­nyň 38 ýur­dun­dan, Azi­ýa­nyň 29 ýur­dun­dan, Ame­ri­ka­nyň 15 ýur­dun­dan we Okea­ni­ýa­nyň 9 ýur­dun­dan) ýüz tut­ma­lar ge­lip go­wuş­dy. Şeý­le­lik­de, da­şa­ry ýurt­lar­dan tür­gen­le­riň 800-e go­la­ýy­nyň, umu­man ala­nyň­da, dür­li ýurt­lar­dan we­kil­le­riň 1500-si­niň, şol san­da emin to­par­la­ry­nyň, žur­na­list­le­riň we beý­le­ki­le­riň gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ýa­ryş­la­ra hyz­mat et­mek üçin meý­le­tin­çi­le­riň 500-e go­la­ýy taý­ýar­la­nyl­dy.
Ak mer­mer­li Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty bir­nä­çe ugur­lar bo­ýun­ça öň­de­li­giň hem-de re­kor­dyň tä­ze­len­me­gi bo­lar. Ýur­du­my­za dün­ýä­niň 100-den gow­rak döwletinden bel­li ştan­ga­çy­la­r ge­ler. Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, Aş­ga­bat­da geçiriljek er­kek­le­riň ara­syn­da 84-nji hem-de ze­nan­la­ryň ara­syn­da 27-nji agyr at­le­ti­ka çem­pio­na­ty 2020-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­nyň To­kio şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň öňü­sy­ra­syn­da­ky mö­hüm ýa­ryş­la­ryň bi­ri bo­lar. Aş­ga­bat­da­ky Dün­ýä çem­pio­na­ty gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň hem-de tür­gen­le­riň sa­ny bo­ýun­ça-da ozal­ky­lar­dan has köp­lü­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Mun­dan ozal, iň köp döw­le­tiň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len Dün­ýä çem­pio­na­ty 2011-nji ýyl­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž şä­he­rin­de bo­lup­dy. Şol çem­pio­na­ta 87 ýurt gat­na­şyp­dy. Tür­gen­le­riň köp­lü­gi bo­ýun­ça bol­sa, 1999-njy ýyl­da Gre­si­ýa­nyň Afi­ny şä­he­rin­dä­ki çem­pio­nat ýat­da ga­lyp­dy. Bu çem­pio­na­ta 626 ştan­ga­çy gat­na­şyp­dy.
Dün­ýä çem­pio­na­tynyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Aş­ga­bat­da go­wy ne­ti­je gör­ke­zen tür­gen­ler 2020-nji ýyl­da To­kio­da ge­çi­ril­jek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na ýol­lan­ma alar­lar. Bu bol­sa, ýa­ry­şyň has-da çe­ke­le­şik­li geç­jek­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mun­dan baş­ga-da, çem­pio­nat­da öň­ki ag­ram­lar üýt­ge­di­lip Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň düz­gün­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, il­kin­ji ge­zek 10 ag­ram de­re­je bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ge­çi­ri­ler. Bu bol­sa, tä­ze re­kord­la­ryň go­ýul­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­re­der.
Ýur­du­my­za gel­jek myh­man­la­ryň oňaý­ly ýer­leş­mek­le­ri üçin Olim­pi­ýa şä­her­çesi­niň myh­man­ha­na­la­ry göz öňün­de tu­tul­ýar. Şol san­da, “Sport” myh­man­ha­na­syn­da Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň kong­re­si­niň, Fe­de­ra­si­ýa­nyň de­giş­li ko­mi­tet­le­ri­niň mej­lis­le­ri­niň we baş­ga-da bir­nä­çe ýyg­nak­la­ryň ge­çi­ril­mek­li­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Ýa­ryş Olim­pi­ýa şä­her­çesi­niň des­ga­la­ry­nyň için­de sport ýa­ryş­la­ry­ny iň köp ka­bul eden Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ge­çi­ri­ler. Bu ýer­de tür­gen­ler, teh­ni­ki we­kil­ler we emin­ler, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri hem-de ýa­ry­şa gel­ýän­le­riň ag­la­ba bö­le­gi­ni düz­ýän to­ma­şa­çy­lar üçin äh­li şert­ler dö­re­di­ler. To­ma­şa­çy­lar üçin ýer­ler, tür­gen­ler we akk­re­di­tir­le­nen sport iş­gär­le­ri üçin ýer­ler, me­dia we­kil­le­ri we ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­lar üçin ýer­ler, iş otag­la­ry, ýyg­nak ge­çir­mek­lik üçin otag­lar, luk­man­çy­lyk hyz­ma­ty­ny ed­ýän no­kat­lar, ýa­zyn­ma-gy­zyn­ma zal­la­ry, dynç-alyş otag­la­ry we beý­le­ki­le­riň äh­li­si ýo­ka­ry de­re­je­de gur­na­lar.
Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek bu ýa­ry­şyň iň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­lyp, şow­hun­ly, şat­lyk­ly we gy­zyk­ly ge­çi­ril­me­gi, şeý­le hem her bir ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­da ýat­dan çyk­ma­jak ýa­kym­ly ýat­la­ma­la­ry gal­dyr­mak üçin agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň Gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti uly yh­las bi­len zäh­met çek­ýär.

ÇEM­PIO­NA­TY­Ň WEB-SAÝ­TY DÖ­RE­DIL­DI

Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň öňü­sy­ra­syn­da çem­pio­na­tyň web-saý­ty iş­läp baş­la­dy. “www.ash­ga­bat2018.com” saý­tyn­da çem­pio­nat ba­ra­da­ky gy­zyk­ly ma­ka­la­lar top­lu­my 3 dil­de – türk­men, iň­lis hem-de rus dil­le­rin­de giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­ýär. Web-saý­t ar­ka­ly ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän pur­sat­la­ry­ny des­sine ha­bar bermek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­ler. Eý­ýäm bir­nä­çe gün bä­ri iş­läp gel­ýän saý­tyň ýe­ňil­lik bi­len açyl­ýan­dy­gy il­kin­ji bel­le­nil­me­li aý­ra­tyn­lyk­la­ryň bi­ri­dir. Saýt­dan ýa­ry­şyň gu­ra­ma­çy­la­ry – Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy, Türk­me­nis­ta­nyň Agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy we şu ýa­ry­şyň ke­ma­la ge­liş ta­ry­hy bi­len bag­ly mag­lu­mat­la­ry hem oka­mak müm­kin.

MUN­DAN OZAL­KY DÜN­ÝÄ ÇEM­PIO­NA­TY

2017-nji ýyl­da­ky agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty ABŞ-nyň Ana­haým şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Bu dün­ýä bi­rin­ji­li­gin­de Re­jep­baý Re­je­bow 77 ki­log­ram ag­ram­da, Kris­ti­na Şer­me­to­wa 53 ki­log­ram ag­ram­da kü­müş me­dal ga­za­nyp, ata Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­di­ler. Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ga­za­ny­lan bu me­dal­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len spor­tuň gör­nüş­le­ri­ni dur­nuk­ly ös­dür­mek ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň öz mi­we­si­ni ber­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy.
Biz hem hä­zir­den tür­gen­le­ri­mi­ze üs­tün­lik­li çy­kyş edip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň türk­men tür­gen­le­ri­ne bo­lan yna­my­ny ödäp, türk­men Tu­gu­ny al-as­ma­na gal­dyr­mak­la­ry­ny ar­zuw ed­ýä­ris!