Ame­ri­ka­nyň Mil­li bas­ket­bol li­ga­sy­nyň (NBA) fi­na­lyn­da ýe­ne-de ge­çen ýyl­ky to­par­lar du­şu­şar­lar. Gün­do­gar kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň fi­na­ly­nyň 6-njy oý­nun­da LeB­ron Jeýms we onuň ýol­daş­la­ry örän er­jel oýun gör­kez­di­. Su­per ýyl­dy­zyň 33 utuk­ly oý­ny to­pa­ry­na 113–87 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dyr­dy. Şun­luk­da, umu­mylykda “To­ron­to Rep­tor­sy” 4–2 hasabynda yz­da gal­dy­ran “Kliw­lend Ka­wa­liers” yz­ly-yzy­na 2-nji sa­par NBA-nyň fi­na­ly­na çyk­ma­gy ba­şar­dy. “Kliw­lend Ka­wa­liers” bulardan öňem 2007-nji ýyl­da-da fi­nal­da oý­nap­dy. Ga­ly­ber­se-de, LeB­ron Jeýms bas­syr 6-njy ge­zek NBA-nyň fi­na­lyn­da çy­kyş eder.
Gün­ba­tar kon­fe­ren­si­ýa­syn­da 5 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 3–2 öň­de bar­ýan “Ok­la­ho­ma Si­ti Tan­der” soň­ky 2 du­şu­şyk­da çem­pi­on­dan yza galdy. 6-njy oýun Ok­la­ho­ma­da bo­lup, myh­man­çy­lyk­da­ky “Gol­den Steýt War­riors” 108–101 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, umu­my ha­sa­by deň­le­di (3–3). Du­şu­şyk­da Kleý Tomp­son to­pa­ry­na 41 utuk ga­zan­dyr­dy. NBA-nyň fi­nal­çy­sy­ny kes­git­le­jek aý­gyt­laý­jy 7-nji du­şu­şyk örän çe­ke­le­şik­li bol­dy. Çem­pi­on öz meý­dan­ça­syn­da MVP-si Ste­fen Kör­ri­niň 36 utuk­lyk go­şan­dy sa­ýa­syn­da 96–88 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, çem­pi­on­ly­gy­ny go­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ga­zan­dy. Ge­çen möw­süm 40 ýyl­dan soň, 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan “Gol­den Steýt War­riors” öňem, ýagny, 1947-nji, 1959-njy, 1975-nji ýyl­lar­da-da ýe­ňi­ji bo­lup­dy. Olar 1948-nji, 1964-nji we 1967-nji ýyl­lar­da welin, fi­nal­da utu­lyp­dy.

1-NJI OÝUN­DA ÇEM­PI­ON ÝE­ŇIŞ GA­ZAN­DY
Ge­çen ýyl­ky fi­nal­lar­da 4–2 ha­sa­byn­da utu­lan “Kliw­lend” il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­na, “Gol­den Steýt” bol­sa, 5-nji çem­pi­on­lyg­yna ym­tyl­ýar. NBA-nyň il­kin­ji we soň­ky çem­pio­ny “Gol­den Steýt War­riors” bi­len “Kliw­lend Ka­wa­li­er­siň” ara­syn­da­ky fi­nal du­şu­şyk­la­ry­nyň 1-nji­si düýn oý­nal­dy. Ýer eýe­le­ri­niň do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da ge­çen du­şu­şyk­da “Gol­den Steýt War­riors” güýç­li gar­şy­da­şy­ny 104–89 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­me­gi ba­şar­dy. Oýun­da Kaý­ri Ir­win­giň 26 utu­gy “Kliw­lend” üçin ýeňşe ýe­ter­lik bol­ma­dy. “Gol­den Steýt” to­pa­ryn­da Şa­un Li­wings­ton 20 utuk bi­len toparyna saldamly goşant goşdy. 2-nji du­şu­şyk 6-njy iýun­da oý­na­lar (06:00).