Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum maksatnamalarynyň çäklerinde täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan önümçilik pudaklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.
Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň, hususan-da, tehnologiýa babatda ösen ýurtlaryň biri bolup durýan Ýaponiýa bilen ysnyşykly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Muny şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu dostlukly ýurda amala aşyran saparyndan hem görmek bolýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýanyň paýtagtynda geçiren gepleşikleriniň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
22-nji oktýabrda türkmen wekiliýetiniň agzalaryny Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe kabul etdi. Öz ýurdunyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklamak bilen ýapon hökümetiniň baştutany däbe öwrülen dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Duşuşygyň çäklerinde gazhimiýa senagatynda, elektroenergetika, ulag ulgamlarynda, Türkmenistanda demir ýollary döwrebaplaşdyrmak boýunça we beýleki pudaklarda ýapon kompaniýalary bilen täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine seredildi.
Bulardan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary Ýaponiýanyň, degişli ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, bar bolan ylalaşyklary amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işleriň esasy ugurlaryna seretdiler. Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministri, daşary işler ministri, içeri işler we kommunikasiýalar ministri, ykdysadyýet, söwda we senagat ministri bilen netijeli duşuşyklary boldy. Şol duşuşyklaryň netijeleri boýunça birnäçe ähtnamalara we ylalaşyklara gol çekildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Hususan-da, ýapon tarapy Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda suwasty optiki-süýümli kabeliň gurluşygyna ýardam etmäge taýýardygyny mälim etdi.
Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary wekiller palatasynyň başlygy jenap Tadomori Oşima bilen duşuşdylar. Tadomori Oşima Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň, şol sanda ýakyn wagtda amala aşyryljak giň gerimli ykdysady taslamalar boýunça gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegini doly goldady. Türkmenistanyň Mejlisiniň türkmen-ýapon dostluk toparynyň başlygy, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S. Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtady hem-de olaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda dostluk parlament toparlarynyň Başlyklary S. Berdimuhamedow (türkmen tarapyndan) we T. Endo (ýapon tarapyndan) Hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekdiler.
Ýaponiýa bilen köpugurly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti bilen gatnaşyklaryny ösdürmek babatda ähmiýetli ugur bolup durýar. Ýokary, hökümetara we pudagara derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar iki dostlukly ýurduň netijeli, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygynyň subutnamasydyr.