Türkmenistan dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi möhüm hasaplaýar. Ýurdumyz bilen köp ýyllardan bäri ysnyşykly hem-de işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýän maliýe guramalaryň biri hem Aziýa ösüş bankydyr (AÖB).
Aziýa ösüş banky Türkmenistanda maýa goýum maksatnamalaryň we taslamalaryň maliýeleşdirilmegine işjeň gatnaşýar, ýurdumyz 2000-nji ýylda bu abraýly halkara maliýe guramasynyň agzasy boldy. Şondan bäri bank bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, Aziýada ykdysady ösüşi höweslendirmek bu bankyň baş wezipesi bolup durýar.
Türkmenistanyň ägirt uly energetika serişdelerini hem-de amatly ýerleşmegini hasaba almak bilen, geçen ýyllaryň dowamynda AÖB-niň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ulag we energetika ulgamlarynda hem-de hususy bölege goldaw bermek babatynda ençeme taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Türkmenistan bilen AÖB-niň arasyndaky 2017–2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk strategiýasyna laýyklykda, türkmen uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, energiýa serişdeleriniň eksport edilýän möçberlerini ýokarlandyrmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, hususy bölegi goldamak, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän giň gerimli ykdysady özgertmeleriň maglumat üpjünçiligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.
AÖB sebit meýilnamasynyň umumy wezipelerine laýyklykda Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk, energetika, nebitgaz ýaly ulgamlaryna, şeýle hem hususy bölege maýa goýumlaryny gönükdirmäge taýýardygyny beýan edýär. Bu bank tarapyndan hödürlenen meýilnama boýunça 2019–2021-nji ýyllarda milli ykdysadyýetimize ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna golaý maýa serişdelerini goýmak göz öňünde tutulýar. Taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň barşynda onuň möçberleriniň has-da artmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini daşarky bazara ugratmak maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ýene bir möhüm ugrudyr. Bu ugurda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň taslamasyna uly ähmiýet berilýär. Aziýa ösüş banky TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolmak bilen 2019–2021-nji ýyllar üçin maýa goýumlar boýunça iş meýilnamasyna bu ugry hem goşdy.
Maýa goýum ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň köpugurly ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Bularyň ählisi dünýä belli daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri maliýe edaralarynyň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen hem-de ähli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýän Türkmenistan bilen özara bähbitli, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändikleriniň nobatdaky subutnamasydyr.